ChatGPT indi synaglara taýýarlanmaga kömek eder

  • 26.07.2025 18:21
  • 3.1k+

ChatGPT web-programmasynda “Bilelikdäki okuw” (Study Together) ady bilen täze funksiýa yglan edildi, ol ýakyn wagtda ulanyjylara elýeterli bolar. Bu barada maglumat “Oka we öwren” bölüminde ýerleşdirildi.

Täze funksiýanyň kömegi bilen ulanyjylar synaglara taýýarlanyp, çylşyrymly meseleleri çözüp we öý işlerini ýerine ýetirip biler. Gural has giňişleýin düşündiriş, anyk görkezmeler we öwrenmek prosesinde kömek etmegi bilen EA-nyň adaty jogaplaryndan tapawutlanýar.
“Bilelikdäki okuw” okuw prosesini iki görnüşde guramaga mümkinçilik berer: ChatGPT-de bilelikdäki sessiýalara goşulýan dostlaryň gatnaşmagynda ýa-da EA-nyň özi bilen – bu ýagdaýda ol ulanyjy bilen bilelikde öwrenýän ýoldaş hökmünde çykyş eder.

“Maňa bu konsepsiýany ýönekeý dilde düşündir” diýen ýaly soraglara berilýän adaty jogaplardan tapawutlylykda, täze režimde islendik predmeti öwrenmek boýunça ädimme-ädim görkezmeler we jikme-jik usulyýet hödürlenýär. Şeýle-de, testlere taýýarlanmak we barlag ýumuşlaryny ýerine ýetirmek üçin funksiýalar göz öňünde tutulan.

Funksiýanyň ýakyn günlerde ähli ulanyjylara elýeterli bolmagyna garaşylýar. Açyk çeşmelerden alnan maglumatlara görä, şeýle funksiýalar Claude we Gemini ulgamlarynda hem synagdan geçirilýär, bu bolsa onlaýn bilim gurşawynda bäsdeşligi güýçlendirip biler.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......