EA “bes ediň” diýer: ChatGPT ulanyjylara arakesme almagy teklip eder

  • 06.08.2025 17:37
  • 2.2k+

OpenAI kompaniýasy ChatGPT çat-botuna täze funksiýany girizdi, indi ol ulanyjylara EA bilen aragatnaşyk uzak dowam eden ýagdaýynda arakesme etmek zerurlygy barada ýatladar.

Şeýle ýatlatma ýüzýän penjirelerde peýda bolýar. Söhbetdeşligi dowam etdirmek üçin, ulanyja razylyk bermek gerek.
Bu ulgam Nintendo Wii we Switch pristawkalarynda peýda bolýan duýduryşlara meňzeýär, ýöne ChatGPT-li ýagdaýda ol akyl saglygy bilen bagly has düýpli meseleleri çözmäge gönükdirilendir.
Engadget neşiriniň habar berşi ýaly, bu çözgüt EA-nyň psihika ýetirýän täsiri barada howsalalaryň artmagy netijesinde kabul edildi. Iýun aýynda The New York Times ChatGPT-niň garşylyksyz razy bolmaga meýilli bolup, ýalan ýa-da howply jogaplary berip biljekdigi barada material hödürledi. Neşiriň maglumatlaryna görä, köp ýagdaýda bu ulanyjylar bilen agyr temalardan gürrüňdeşliklere, şol sanda özüňe kast etmek temalaryny maslahatlaşmaga getirdi. EA hem şeýle gürrüňleriň hemişe öňüni almady.
OpenAI-iň blogunda ChatGPT-niň täzelenjekdigi tassyklanýar: duýga täsir ediji soraglara jogap berlende bot anyklaşdyryjy soraglary berip, ulanyja ýagdaýy seljermäge we başga ýollary gözden geçirmäge kömek eder.
Ozal kompaniýa EA-nyň aşa ýardamçyl bolup, islendik pikirler bilen aňsat razylaşmagyna getiren täzelenmeleriň birini ýatyrdy. OpenAI ýaranjaň däl-de, peýdaly kömekçini döretmäge ýykgyn edýändigini belleýär, arakesme baradaky ýatlatma bolsa ulanyjylara tankydy pikirlenmäni we emosional deňagramlylygy saklamaga kömek eder.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......