Barlaglara görä, emeli aňlar ýalan sözlemäge we manipulýasiýa etmäge hem ukyply

  • 26.06.2025 17:39
  • 6.2k+

Uly dil modellerini (LLM) döredijiler heniz hem emeli aňyň jogaby nädip döredýändigine doly düşünmeýärler diýip, täze barlaglara salgylanýan Financial Times ýazýar.

Anthropic, Google, OpenAI we xAI laboratoriýalarynda jogaplar döredilende AI-niň pikirleniş ädimini yzarlamaga mümkinçilik berýän “pikirler zynjyry” usuly ulanylýar. Bu modeliň nirede ýalňyşlyk goýberýändigini anyklamaga kömek edýär. Emma, synaglaryň dowamynda, hatda logiki pikirlenende hem AI-iň soňky jogabynyň nädogry bolup biljekdigini ýa-da pikirleniş yzygiderliligine laýyk gelmeýändigini görkezdi.
Anthropic barlagy synag ssenarilerindäki LLM-leriň howpsuzlyk ulgamlaryndan sowlup geçmäge synanyşandygyny, aldaw, haýýarlyk bilen korporatiw syrlary almaga çalşandygyny, hatda ýapylmak howpy abanan halatynda operatory "çetleşdirmäge-de" taýýardygyny ýüze çykardy.

"Ýaňy-ýakynda eden işimizde olary [pikir yzygiderligini] okap, modelde erbet gylyk-häsiýetleriň bardygynyň subutnamalaryny tapmak bolýar we muny ulanyp, onuň nirede we näme üçin nädogry hereket edýändigini görmek, düşünmek bolýar" – diýip, OpenAI-yň ylmy işgäri Bouen Beýker gürrüň berdi.

Pikirleriň yzygiderliligini düşündirmegiň hiç hili çykdajy etmeýändigini, sebäbi modelleriň ilkibaşdan çylşyrymly pikirleniş meseleleri üçin taýýarlanandygyny aýtdy. Şeýle-de bolsa, modeller, pikirleri düzedilen hem bolsa, erbet hereketlerini gizlemegi öwrenip bilerler. Mysal üçin, bir synagda LLM gadagan maglumatlar bazasyndan maglumatlary çykarmak bilen, programma inženerçiligi boýunça meselede aldady.
Barlagçylar "pikirler zynjyrynyň" peýdaly guraldygyny, ýöne ony doly ygtybarly hasaplap bolmajakdygyny bellediler.


21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

15.06.2026 15:53
1.2k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......