Sekuntda 4,6 kwadrillion amal: Google iň güýçli emeli aň prosessory - Ironwood-y tanyşdyrdy

  • 12.04.2025 18:31
  • 3.5k+

Google kompaniýasy Cloud Next konferensiýasynda täze emeli aň çipi Ironwood-y hödürledi. Bu çip kompaniýanyň ýedinji nesil TPU-sy bolup, öň türgenleşdirilen emeli aň modelleriniň inferensini tizleşdirmek üçin ýörite döredildi. Ironwood diňe Google Cloud-da ulanylar. Bu barada kompaniýanyň resmi blogunda habar berilýär.

«Ironwood – bu biziň iň güýçli, iň öndürijilikli we iň energiýa tygşytlaýjy TPU-myz. Ol emeli aň modelleriniň inferensini bulut infrastrukturasynyň derejesinde tizleşdirmek üçin döredildi» — diýip, Google Cloud-yň wise-prezidenti Amin Wahdat düşündirdi.

Ironwood bilen işleýän ulgamlar iki konfigurasiýada bolar: 256 prosessordan ybarat serwerler we 9216 çipden düzülen klasterler. Google Ironwood-yň iň ýokary hasaplaýyş öndürijiliginiň 4614 Tflops, ýagny sekuntda 4614 trillion amaldan ybaratdygyny belleýär. Bu diýmek bolýar, bir klaster 42,5 Ekzaflops öndürijiligi üpjün edip biler.
Her prosessor 192 GB ýat bilen üpjün edilen we sekuntda 7,4 Tbit maglumat geçirýär. Şeýle hem, ýörite SparseCore ýadrosy arkaly, «maslahat beriji» we «ösen sanawlama» ulgamlarynda ulanylýan maglumatlar üçin has netijeli işleýär. Arhitekturasy maglumatlaryň hereketini azaltmak arkaly energiýany tygşytlaýar.
Google Ironwood prosessorlaryny Google Cloud-daky modully hasaplaýyş klasteri bolan AI Hypercomputer-de ulanmagy meýilleşdirýär.


21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

17.06.2026 07:37
3.1k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....