ABŞ-da beýniň işini gowulandyrýan emeli aňly akylly sargy satylyp başlandy

  • 02.04.2025 16:04
  • 3.6k+

ABŞ-da Muse S Athena atly akylly sargynyň satuwy başlandy. Bu enjam emeli aň arkaly ukyny, ünsi jemlemegi, aň-paýhas (kognitiw) başarnyklaryny we umumy saglygy gowulandyrmaga kömek edýär. Bu barada «Business Wire» habar berýär.

Enjam elektroensefalograf (EEG), infragyzyl spektroskopiýa (fNIRS), fotopletizmograf (PPG), akselerometr we giroskop bilen üpjün edilen. Bu sensorlar beýniniň işjeňligini, ganyň akymyny, gandaky kislorodyň derejesini, ýüregiň urşuny, dem alşy, bedeniň ýagdaýyny we ukynyň tapgyrlaryny yzarlap bilýär.
Maglumatlaryň seljerilişi Foundational Brain Model (FBM) atly emeli aň modeliniň esasynda ýerine ýetirilýär. Bu model 80 müň EEG seansynyň maglumatlary esasynda türgenleşdirilen. Enjam ulanyjylara häzirki wagt pikirleniş yzarlamasyny (feedback) hödürläp, stresiň derejesini peseltmäge we aň-paýhas başarnyklaryny gowulandyrmaga ýardam berýär.
Has düýpli ulanyş üçin meditasiýa we uky gözegçiligi ýaly aýratynlyklary bolan programma hödürlenýär. Bu programma apnoe ýaly uky bilen baglanyşykly kynçylyklary ýüze çykarmaga hem kömek edýär.
Muse S Athena ABŞ-da 474,99 dollardan satuwa çykaryldy. Programmadaky esasy funksiýalar mugt, ýöne giňişleýin derňew we meditasiýa hyzmatlary bolan premium abunalygyň aýdaky tölegi 12,99 dollar.


düýn 16:10
3k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
970

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

15.06.2026 15:53
1.2k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......