Dünýäde ilkinji gezek emeli aňyň kömegi bilen bäbek dünýä indi

  • 12.04.2025 19:00
  • 17k+

«Conceivable Life Sciences» kompaniýasynyň awtomatlaşdyrylan ulgamy dünýäde ilkinji gezek emeli aňyň kömegi bilen, ICSI usuly arkaly tohumlandyrmagy üstünlikli amala aşyrdy. Synagyň çäginde dörän bäbek eýýäm dünýä indi diýip, «New Scientist» neşiri habar berýär.

ICSI usuly (Intra Cytoplasmic Sperm Injection) – önelgesizligiň bejergisiniň usullarynyň biri bolup, köplenç spermatozoidleriň sanynyň az ýa-da hereketleriniň haýal bolan ýagdaýynda ulanylýar. Bu usulda spermatozoid ýumurtga öýjüginiň sitoplazmasyna gönümel sanjylýar. Ýokary takyklygy talap edýän usul, köplenç, şowsuz netije berýär.

«[Lukmanlar] hem beýleki hünärmenler ýaly käwagt ýadap, ünsüni sowup bilýär. Şonuň üçinem tohumlandyrmany we çaganyň dünýä inmeginiň ähtimallygyny peseldip biljek ýalňyşlyklar ýüze çykýar» — diýip, «Conceivable Life Sciences» kompaniýasynyň ýolbaşçysy aýtdy.

Emeli aň bu proseduranyň 23 tapgyrynda embriologyň işini ýerine ýetirdi. Ol iň sagdyn spermatozoidleri daşky alamatlaryna görä saýlaýar, olary lazer arkaly hereketsizleşdirýär we soň bolsa donor ýumurtga öýjügine sançýar.
Synaga çaga edinmekde kynçylyk çekip gelýän ýaş çatynja gatnaşdy. Sekiz donor ýumurtga öýjüginiň bäşisi emeli aň tarapyndan üstünlikli tohumlandyryldy. Olaryň dördüsi embriona öwrüldi. Iň gowy iki embrion implantasiýa üçin saýlanyldy. Olaryň biri göwreliligiň başynda düşdi, a beýlekisi bolsa, üstünlikli göwrelilik bilen, dünýä inmegi başardy.
Kompaniýanyň esaslandyryjysy Žak Koen bu usulyň netijeliligini doly bahalandyrmak üçin, goşmaça barlaglaryň zerurdygyny aýtdy. Tehnologiýanyň örän gymmatdygy sebäpli, onuň giňden ulanylmagy häzirlikçe mümkin däl.


düýn 10:31
5.4k+

Samsung täze çip, ýöne birje kemçilik bilen Galaxy A27 5G smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy orta derejeli Galaxy A27 5G smartfonynyň resmi tanyşdyrylyşyny geçirdi. Täze model Snapdragon tarapyndan öndürilen täze prosessor, frontal paneliň täzelenen dizaýny we uzak möhletli......

27.06.2026 10:51
1k+

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3.1k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......