Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gazagystana bardy

  • 24.11.2025 17:27
  • 17k+

Şu gün, 24-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gazagystan Respublikasyna bardy.

Döwlet Baştutanyny Aşgabadyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Birnäçe wagtdan Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy.
Howa menzilinde Serdar Berdimuhamedowy Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew garşylady.
Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda taryhyň, medeniýetiň, diliň we ruhy-ahlak gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýan gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlyk häsiýeti bilen tapawutlanýar. Dünýäniň energetika bazarynda möhüm orun eýeleýän iki ýurt syýasy dialogy pugtalandyrmaga, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge we sebit howpsuzlygyny üpjün etmäge aýratyn üns berýär diýip, TDH habar berýär.


düýn 19:38
4.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.6k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......