Kembrijde CO₂-ni peýdaly çig mala öwürýän “emeli ýaprak” döretdiler

  • 11.11.2025 15:19
  • 4k+

Kembrij uniwersitetiniň alymlary Gün şöhlesiniň täsiri astynda kömürturşy gazyny (CO₂) we suwy peýdaly himiki maddalara öwrüp bilýän ýarym sintetik “emeli ýapragy” döredendiklerini habar berdiler. Bu enjam tebigy fotosinteziň iş prinsipini gaýtalaýar we zäherli katalizatorlary ulanmaýar, şonuň bilen hem ekologiýa taýdan arassa hasaplanýar diýip, SciTechDaily ýazýar.

Ulgam organiki ýarymgeçirijileri bakteriýalaryň fermentleri bilen utgaşdyrýar we daşarky energiýa çeşmesine zerurlyk duýmazdan işleýär. Ilkinji gezek ony 24 sagatlap üznüksiz işledip boldy, bu bolsa şeýle görnüşdäki tehnologiýalar üçin rekord bolup durýar. Reaksiýa üçin CO₂ hatda gazlandyrylan içgiler ýaly, suwdaky erän görnüşden hem alyp bolýar.
Netijede formiat emele gelýär – ol köp sanly himiki önümleriň öndürilişinde başlangyç çig mal hökmünde giňden ulanylýar. Netijede dessine derman ýa-da hojalyk himiýasy ýaly taýýar önümler alynmasa-da, alymlar bu tehnologiýanyň “ýaşyl” senagat ugruna tarap möhüm ädim bolup biljekdigini belleýärler.
Himiýa senagaty häzirki wagtda dünýä boýunça parnik gazlarynyň takmynan 6%-iniň çeşmesi hökmünde görkezilýär. Barlagçylaryň pikiriçe, şeýle “emeli ýapraklaryň” senagatda giňden ulanylmagy uglerod yzyny azaltmaga, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge we durnukly önümçilige geçişi çaltlaşdyrmaga kömek eder.


09.06.2026 23:04
2.3k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

08.06.2026 17:00
3k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.9k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

07.06.2026 17:01
2.1k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......