Ýaponiýada AI bilen işleýän “adam ýuwujy kirmaşyn” görkezildi: 15 minuda ýuwup, guradyp berýär

  • 16.10.2025 10:31
  • 10k+

Ýaponiýanyň Osaka şäherinde ýerleşýän Science kompaniýasy “Mirai Renjian” atly täsin enjamy — awtomatiki tämizleýji we rahatlandyryjy owkalaýjy kapsulany (“adam ýuwujy kirmaşyny”) hödürledi. Täze enjam emeli aň (AI) tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylypdyr.

Enjamdan peýdalanmak üçin adama diňe kapsulanyň içinde ýatmak ýeterlik. “Kirmaşyn” mikroköpürjikli suw akymyny ulanýar — bary-ýogy 1 millilitr suw 60 milliona golaý ownujak köpürjik döredip, duş geli ulanmagy talap etmezden çuňňur arassalamagy üpjün edýär.
Mundan başga-da, kapsula ulanyjynyň pulsy, ýürek urşy ýaly fiziologiki görkeziji maglumatlaryna hakyky wagtda gözegçilik edýän datçikler bilen enjamlaşdyrylandyr. Enjam üç dürli iş tertibinde işleýär. Ulanyjylar prosedura wagtynda aýdym diňläp ýa-da wideo görüp bilerler.
Gyzykly tarapy, şuňa meňzeş konsepsiýa ilkinji gezek 1970-nji ýylda Osakada geçirilen Bütindünýä sergisinde görkezilipdi, ýöne şol döwürde tehnologiýanyň gymmatlygy we mümkinçiligiň çäklidigi sebäpli ösüş tapmandy. Häzirki wagtda bolsa ýapon inženerleri akylly hojalyk enjamlary pudagynda ep-esli öňe gidişlik gazandylar.


09.06.2026 23:04
2.3k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

08.06.2026 17:00
3k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.9k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

07.06.2026 17:01
2.1k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......