Fizuli şäheriniň ýaşaýjylary Gurbanguly Berdimuhamedowyň metjit gurmak başlangyjyna minnetdarlyk bildirdiler

  • 23.11.2025 23:12
  • 13k+

Azerbaýjanyň Fizuli şäheriniň ähli ýaşaýjylary türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna minnetdarlyk hatyny iberdiler.

"Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň rehimdarlyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly beýik ruhy gymmatlyklary dabaralandyrmak arkaly halklarymyzyň arasynda ruhy köpri wezipesini üstünlikli ýerine ýetirýändigini aýratyn buýsanç bilen bellemek zerurdyr. Bu belent ynsanperwer wezipäniň iň aýdyň mysallarynyň biri hem Siziň Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjit gurmak baradaky başlangyjyňyzdyr" diýlip, hatda aýdylýar.

Metjidiň düýbi şu ýylyň 7-nji oktýabrynda Gabala şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitiniň çäklerinde türki ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary bilen bilelikde sanly ulgam arkaly tutuldy. 

"Fizuli şäherinde gurulýan we azerbaýjan-türkmen doganlygynyň ruhy nyşanyna öwrüljek bu metjidiň ýakyn geljekde Siziň Alyhezretiňiziň gatnaşmagyňyz we ak pata bermegiňiz bilen açylmagyna biz — Fizuli şäheriniň ýaşaýjylary sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şu mümkinçilikden peýdalanyp, şäheriň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan ýokary ünsüňiz we uly tagallalaryňyz üçin Siziň Alyhezretiňize ýene-de bir gezek çuňňur hoşallygymyzy bildirýäris. Size berk jan saglyk, uzak ömür, Türkmenistanyň halkynyň abadançylygy ugrunda alyp barýan işleriňizde hemişe rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw edýäris"  - diýlip hatda bellenilýär.


düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......