Günorta koreýaly alymlar robotlar üçin çeýe we örän güýçli emeli myşsa döretdiler

  • 10.11.2025 13:10
  • 5.8k+

Ulsandaky Milli Ylym we Tehnologiýa Institutynyň  (UNIST) alymlary robotlar üçin täze görnüşli emeli myşsa taýýarladylar. Bu material ynsan we haýwan myşsalaryndaky ýaly çeýeligi we berkligi özünde jemleýär. Hasaplamalara görä, eger adam şeýle myşsalara eýe bolsady, ol bir eli bilen pil saklap biljekdi.

Myşsalar  NdFeB  magnit bölejikleri goşulan polimerden ýasalypdyr. Bu bölejikler materialyň gatylygyny hakyky wagtda üýtgetmäge mümkinçilik berýär. Material gyzdyrylanda ýumşap, magnit meýdanynda gerekli forma alýar, soňra sowap gatylaşýar. Şeýlelikde, polimeriň himiki we fiziki baglanyşyklary birleşdirilip, “myşsa ýady” emele getirilýär.
Barlaglar täsirli netijeleri görkezdi: myşsa 1274 % çenli uzalyp, 86,4 % çenli gysylýar we tebigy myşsadan 30 esse köp iş ýerine ýetirip bilýär. Onuň gatylygy rezinadan gaty plastmassa çenli üýtgäp bilýär. 1,2 gramlyk kiçijik polosa gaty ýagdaýda 5 kilogram agrama çenli saklap bilýär.
Bu ösüş entek senagat taýdan ulanmakdan uzak bolsa-da, ýumşak robot tehnikasynyň ösüşinde uly mümkinçilikleri açýar: şeýle robotlar adamlara howpsuz ýagdaýda hyzmat edip biler hem-de agyr işleri ýerine ýetirip biler. Şol bir wagtyň özünde çözülmedik käbir meseleler hem bar — mysal üçin, gyzdyryş we sowadyş prosesleriniň haýallygy, bu ýagdaýyň hakyky şertlerde amaly taýdan peýdaly bolmazlygy we “myşsa ýadyny” işjeňleşdirmek üçin ýeterlik güýçli magnit meýdany döretmegiň kynçylygy. Şeýle-de bolsa, geljekki barlaglaryň bu meseleleri çözmäge mümkinçilik berjekdigi aýdylýar.


düýn 23:49
1.9k+

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan smartfonyň üstünde işleýär

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan howpsuz smartfony işläp düzýär. Kompaniýanyň baş direktory Ýewgeniý Kasperskiý täze enjam barada Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda yglan etdi....

03.06.2026 00:06
2.2k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......

02.06.2026 17:40
6.2k+

Şwesiýanyň agaç kesiji dron enjamy agaçlary çapyp, daşap bilýär

Şwesiýanyň AirForestry kompaniýasy agyr ýerüsti enjamlary ulanmazdan, agaçlary kesmäge we daşamaga ukyply, awtonom agaç kesiji drony işläp düzdi....

28.05.2026 23:53
5.9k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....