Täze ýüpek materialy 6G tehnologiýasynda ulanmak  teklip edildi 

  • 17.05.2026 11:49
  • 2.6k+

Barlagçylar 6G ulgamlarynda, sensorlarda we telekommunikasiýa böleklerinde ulanylyp bilinjek täze, ýüpek esasly material işläp düzdüler. Bu tehnologiýanyň dokma galyndylaryny azaltmakda hem peýdalydygy göz öňünde tutulýar.

Bu işläp düzme ýüpek süýümleriniň himiki reagentlerde eremezden, fiziki taýdan berkleşýändigine esaslanýar. Süýümler 125-den 215 gradus Selsiý aralygyndaky temperatura çenli gyzdyrylýar we 1900-den 9800 atmosfera çenli basyşlara sezewar edilýär. Bu suwy aýyrýar we materialyň gurluşy esasy kristal elementlerini saklap galmak bilen, bir gatlaga birleşýär.

Alymlar ýüpegiň häsiýetleriniň onuň içki gurluşy bilen baglanyşyklydygyny belleýärler, ol özüne kristal we amorf bölekleri birleşdirýär. Bu gurluş materiala hem çeýelik, hem berklik berýär.

"Şeýle çeýe material üçin ol geň galdyryjy derejede berk. Bu hili işleýiş arkaly biz beýleki köp sanly biomateriallaryň mümkinçiliklerinden öňe geçip bileris" - diýip, barlagyň awtory Çunmeý Li belledi. 

Londonyň Imperiýa kollejinden Emiliano Bilottiniň aýtmagyna görä, barlagçylar tebigy süýümleriň gurluşyny gorap saklamagy maksat edinipdirler.

"Ýüpegiň ajaýyp häsiýetleri onuň iýerarhiki mikro gurluşyndan gelip çykýar. Biz mümkin boldugyndan süýümiň asylky durkuny köpräk saklap galmak isledik" - diýip ol mälim etdi.

Topar häzirki wagtda tehnologiýany giňeltmegiň we ony optiki elementlere, sensorlara we telekommunikasiýa ulgamlaryna ornaşdyrmagyň mümkinçiligini öwrenýär. Täze çemeleşmäniň daşky gurşawa täsiri hem seljerilýär.

Eger tehnologiýanyň köpçülikleýin önümçilige ýaramlydygy tassyklansa bolsa, material 6G enjamlarynda, ýeňil gurluşlarda, gaplamalarda we biolukmançylyk implantlarynda ulanylyp bilner.
 

 


şu gün 10:51
307

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
2.9k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......