iPhone 17 Pro zarýad almak tizligi boýunça synagda iň gowy netije görkezdi

  • 17.05.2026 14:27
  • 2.3k+

CNET neşiriniň redaksiýasy iň çalt zarýad alýan modelleri kesgitlemek maksady bilen 33 sany smartfony synagdan geçirdi we ähli görkezijileriň jemi boýunça iň gowy netijäni iPhone 17 Pro görkezdi.

Synag wagtynda enjamlaryň zarýady tas bütinleý diýen ýaly tükedildi, soňra bolsa 30 minutlap zarýada goýuldy. Simli zarýad bermek üçin smartfonlara degişli iň ýokary kuwwatlygyndaky adapterler, simsiz zarýad üçin bolsa Qi, Qi2 we Qi2.2 standartlary ulanyldy.

Synaglaryň netijelerine görä, iPhone 17 Pro umumy zarýad alma tizligi boýunça öňe saýlandy. Bu smartfon 40 Wt çenli simli zarýady we 25 Wt çenli Qi2.2 simsiz zarýady kabul edip bilýär. Ýarym sagadyň içinde ol Android flagmanlarynyň agramly böleginden has çalt zarýad almagy başardy. CNET munuň esasy sebäbini Apple prosessorynyň energiýa tygşytlylygy we 4252 mAs göwrümli akkumulyator bilen düşündirýär.

Simli zarýad alma boýunça absolýut lider Samsung Galaxy S26 Ultra boldy. Ol 60 Wt çenli zarýady kabul edip, 30 minutda batareýasynyň 76%-ini doldurdy. Ondan soňky orunlary 74% netije bilen iPhone 17 Pro we 72% netije bilen OnePlus 15 eýeledi.

Simsiz zarýad kategoriýasynda bolsa birinji ýeri 30 minutda 55% dolduran iPhone 17 Pro eýeledi. Onuň yzynda 53% netije bilen iPhone 17 Pro Max we adaty iPhone 17 modeli ýerleşdi. Žurnalistler kremniý-uglerod akkumulyatorlarynyň hem barha giň ýaýraýandygyny belläp geçdiler. Şeýle batareýalar enjamyň gaty gyzmagyna ýa-da korpusynyň galňamagyna sebäp bolmazdan, 80–100 Wt kuwwatlygyndaky zarýady kabul etmäge mümkinçilik berýär. Bu tehnologiýany eýýäm OnePlus, RedMagic, Poco we Motorola-nyň käbir modelleri ulanýarlar. Synaga ABŞ-nda resmi taýdan satuwa çykarylmadyk smartfonlar hem gatnaşdyryldy. Şolaryň içinde 80 Wt simsiz zarýad almaga ukyply HONOR Magic 8 Pro ýarym sagatda 61% zarýad ýygnamagy başardy.


24.06.2026 23:26
2.8k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.6k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....