Şençhende geljegiň logistikasy ýola goýuldy: köçelerde eýýäm 10 müň sany robot-furgon hereket edýär

  • 28.10.2025 12:54
  • 7.4k+

Şençhende köçelerde we hatda metroda hem 10 000 sany robotlaşdyrylan furgon gatnadylyp başlandy. Olar SF Express atly logistika kompaniýasy tarapyndan ýükleri adam gatnaşmazdan daşamak üçin ulanylýar.

Bu furgonlary Neolix kompaniýasy öndürýär. Olar 500 kilograma çenli ýük we 3 kub metr göwrüm daşap bilýär diýip, Nikkei Asian Review habar berýär.
Robot-furgonlar öňünden kesgitlenen ugurlar boýunça hereket edýär we päsgelçilik ýüze çyksa awtomatiki saklanýar. Pyýadalaryň howpsuzlygy üçin olar ses arkaly iki metr aralyk saklamagy duýdurýarlar. Metrolarda bolsa furgonlar ýükleri otlularyň ýanyna eltýär, soňra bolsa ol otlular bu ýükleri ýerasty logistika merkezlerine ýetirýär. Bu usul eltip bermegiň tizligini artdyrýar we şäher meýdanlaryny netijeli ulanmaga ýardam berýär.
Neolix kompaniýasy häzirki 10 000 sany furgonyň sanyny on ýylyň içinde 10 milliona ýetirmegi meýilleşdirýär. Bu ulaglaryň öndürilişi adaty transportdan 20–30% arzan, sebäbi sürüjiniň, kondisioneriň ýa-da ses ulgamynyň bolmazlygy çykdajylary azaldýar, hem-de aýlyk tölemek zerurlygy aradan aýrylýar.
Robot-furgonlaryň ulanylyşy häzirki wagtda diňe şäher içi we ýapyk sebitler bilen çäklenýär. Olar häzirlikçe ýükleri awtomatik tertipleşdirip bilmeýärler ýa-da müşderiniň gapysyna çenli eltmeýärler. Şeýle hem şäherara ugurlar heniz elýeterli däl, sebäbi ýokary tizlikde hereket etmek howply hasaplanylýar.
Neolix kompaniýasynyň müşderileri hökmünde SF Express, JD Logistics we China Post görkezilýär. Kompaniýa şeýle hem içerki bazardaky tejribesine daýanyp, robot-furgonlaryny Hytaýdan daşyna eksport etmäge we daşary ýurtly startaplar bilen bäsleşmäge taýýarlanýar.


düýn 18:51
4.3k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.6k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.4k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....