DeepMind: Adamyňka meňzeş kognitiw ukyply AI ýakyn 5-10 ýylda peýda bolar

  • 09.08.2025 14:51
  • 2k+

Köp sanly kognitiw wezipeleri ýerine ýetirmäge ukyply güýçli emeli aň (Artificial General Intelligence, AGI) ýakyn 5-10 ýylda işlenip düzülip bilner. Bu barada Google-yň AI bilen meşgullanýan bölümi bolan DeepMind-yň ýerine ýetiriji müdiri Demis Hassabis mälim etdi.

Ol The Guardian gazetine  beren interwýusynda: "Öňümizdäki 5-10 ýylyň içinde adamyň ähli kognitiw ukyplaryny görkezýän AGI diýip atlandyryp boljak bir zadyň peýda bolmagy mümkin. Bu tehnologiýa howpsuz we jogapkärçilikli ornaşdyrylan halatynda, radikal bolçulygyň dünýäsinde ýaşarys. Elbetde, biz muňa öz goşandymyzy goşmaga çalyşýarys".

AI-niň ösmegi öndürijiligiň we jemgyýetiň gülläp ösüş derejesiniň ep-esli ýokarlanmagyna getirmeli diýip, Hassabis belledi.
DeepMind-yň başlygy AI-däki öwrülişigi senagatdaky öwrülişik bilen deňeşdirdi we munuň 10 esse gerimli boljakdygyny we 10 esse çalt bolup biljekdigini aýtdy.
Hassabis bu üýtgeşmeleriň edil hemmä bähbitli bolup durmajakdygyny boýun aldy. Ol iş orunlarynyň ýitmegine sebäp bolan senagat öwrülişigini mysal getirdi. "Elbetde, sarsgynlary azaltmak zerur, ýöne üýtgeşmeleriň boljakdygy gutulgysyz. Belki gowulygadyr diýip umyt edýärin" – diýip, alym sözüniň üstüni ýetirdi.
2024-nji ýylda Demis Hassabis amerikaly alymlar Dewid Beýker we Jon Jamper bilen bilelikde himiýa boýunça Nobel baýragyny aldy. DeepMind-de hem işleýän Hassabis we Jamper adamyň ähli beloklarynyň gurluşyny kesgitlemäge we beýleki janly-jandarlarda 200 milliondan gowrak belogyň gurluşyny çaklamaga mümkinçilik beren AlphaFold2 AI modelini işläp taýýarlandyklary bilen hem tanalýandyklary bellendi.


düýn 11:10
671

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

09.06.2026 15:01
1.6k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

08.06.2026 09:45
1.4k+

ChatGPT-niň aýlyk ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi

ChatGPT-niň aýlyk işjeň ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi. Bu hem ony taryhda şeýle uly auditoriýa sanyna iň çalt ýeten sanly önüme öwürdi. Bu barada Sensor Tower analitik kompaniýasy habar berýär....

07.06.2026 20:11
1.9k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....