OpenAI-iň ýolbaşçysy ChatGPT bilen söhbetiň kazyýetde ulanylyp bilinjekdigini duýdurdy

  • 31.07.2025 13:37
  • 3.1k+

OpenAI-iň baş direktory Sem Altman ChatGPT bilen ýazyşylan gürrüňdeşlikleriň kazyýetiň talaby boýunça görkezilip bilinjekdigini aýtdy. Bu barada ol Teo Wonuň podkastynda habar berdi.

Altman barha köp ulanyjynyň ChatGPT bilen şahsy aladalaryny we syrlaryny paýlaşyp, ondan maslahat soraýandygyny aýtdy. Olar çat-bota şahsy terapewt ýaly ýüz tutýar, çünki neýroulgam ýazgarmaýar-da, goldaýar we çözgüt tapmaga kömek edýär. 
Şol bir wagtyň özünde, ol şahsy ýa-da psihologik temadan şeýle gürrüňleriň lukmançylyk ýa-da aklawçy syry bilen goralmaýandygyny belledi. EA bilen söhbetler gizlinlik baradaky kanunyň goragyna düşmeýär we ýörite gulluklaryň, döwlet edaralarynyň ýa-da hukuk goraýjy edaralaryň talaby bilen görkezilip bilner.
Şonuň üçin Altman çat-bota şeýle şahsy temalar bilen ýüzlenmezden ozal “gowja pikirlenmäge” çagyrdy.

“Eger siz ChatGPT bilen şahsy meseleleriňiz barada gürleşýän bolsaňyz, soňundan kazyýet işi ýa-da şolar ýaly bir zat ýüze çyksa, bizi ony görkezmäge borçlandyryp bilerler, meniň pikirimçe, bu nädogry. Men biziň EA bilen gatnaşykda psihoterapewt ýa-da başga biri bilen gürrüňdeşlikde bolşy ýaly gizlinlik konsepsiýamyz bolmaly diýip pikir edýärin. Bir ýyl mundan ozal bu barada hiç kim pikir hem etmändi” – diýip, Altman belledi.

ChatGPT-niň syýasatyna laýyklykda, ulanyjy tarapyndan bozulan çat-bot bilen ähli söhbetdeşlikler, eger kompaniýa olary “hukuk esaslary ýa-da howpsuzlyk maksady bilen” saklamaga borçlanmasa, 30 günüň içinde gutarnykly ýok edilýär. Şol bir wagtyň özünde, OpenAI-iň işgärleri modeli kämilleşdirmek we betpäl ulanylyşy anyklamak üçin ýazyşylan söhbetleri okap biler.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......