Matematikler çylşyrymly meseleleri çözmekde emeli aňdan geçip bilmediler

  • 14.06.2025 12:35
  • 4.2k+

Kaliforniýanyň Berkli şäherinde Epoch AI tarapyndan gurnalan iki günlük ýapyk çäre geçirildi.

Çärede dünýäniň 30 sany öňdebaryjy matematigi OpenAI-yň o4-mini çat-boty bilen bäsleşdi. Maksat neýro ulgamyň çylşyrymly logiki piker ýörediş ukybyny barlamakdy.
Alymlara synagyň arassalygyny üpjün etmek üçin çäräni ara alyp maslahatlaşmak gadagan edildi diýip, Scientific American neşiri çäre barada üç hepde soň habar berdi.
Matematikler okuwçylara niýetlenenden başlap barlaglar üçin düzülene çenli dürli derejedäki çylşyrymly 300 özboluşly meseläni taýýarladylar. 2024-nji ýylyň iýulynda tygşytly model hökmünde tanyşdyrylan o4-mini eýýäm taýýarlyk döwründe meseleleriň takmynan 20%-ini çözdi. Duşuşykda alymlar aýratyn kyn on soragy teklip etdiler. AI-niň çözüp bilmejek her bir meselesi üçin awtora 7500 dollar möçberinde pul baýragy goýuldy.
Çat-bot gatnaşyjylary haýran galdyrdy. Mysal üçin, ol doktorlyk dissertasiýasy derejesindäki ýokary arifmetika degişli birnäçe meseläni üstünlikli çözdi. Taslamanyň dolandyryjysy, kazy we matematik Ken Ononyň belleýşi ýaly, neýroulgam edebiýaty öwrendi, meseläni ýönekeýleşdirdi we hakyky wagtda dogry çözgüt hödürledi.
Ol: "Munuň ýaly pikirlenmäni öň modellerde görmändim. Bu matematik alymyň edýän zady. Bu gorkuzýar" – diýdi.
Alymlar o4-mini petige direýän on meseläni tapan hem bolsalar, AI-niň ösüşine haýran galdylar. Neýroulgam adamyň hepdelerini ýa-da aýlaryny aljak birnäçe meseläni minutda çözdi. Gatnaşyjylar o4-mini-iň käbir ugurlar boýunça dünýäniň iň gowy aspirant talyplaryndan öňe geçendigini ykrar etdiler.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......