OpenAI-iň täze GPT-4.1 çat-boty öňküsinden “ähli görkezijiler boýunça” öňe geçýär

  • 15.04.2025 22:38
  • 1k+

OpenAI kompaniýasy geçen ýylky GPT-4o-nyň ornuny tutýan täze GPT-4.1 dil modelini hödürledi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, täze wersiýa “ähli görkezijiler boýunça diýen ýaly” özünden öňküden üstün gelýär diýip, The Verge belleýär.

Kompaniýa programma koduny ýazmak we görkezmelere eýermek nukdaýnazaryndan algoritmiň kämilleşdirilendigini belleýär. Şeýle-de, ol bir gezekde has köp maglumaty işläp bilýär – GPT-4o-nyň 128 müň tokeni bilen deňeşdirilende, 1 mln tokene çenli.
Täze model işläp düzüjiler üçin eýýäm elýeterli. Onuň bilen bilelikde iki ykjam wersiýa hem hödürlendi: GPT-4.1 Mini we GPT-4.1 Nano. Soňkusy OpenAI tarapyndan “iň kiçi, çalt we arzan” diýlip atlandyryldy. Modelleriň üçüsi-de teksti, şekili we wideony işläp bilýär.
OpenAI GPT-4.1-iň indi has köp maglumatlardan gowy baş çykarýandygyny we artykmaç zatlara üns bermezden, zerur teksti takyk saýlaýandygyny habar berdi. Mundan başga-da, GPT-4.1 GPT-4o-dan 26% arzan bolup, bu hytaý kompaniýasynyň DeepSeek modeli bilen bäsdeşligiň güýçlenýän döwründe möhümdir.
GPT-4.1 iki ýyl ozalky GPT-4 modelinden ýüz öwürmegiň öňüsyrasy işe girizilýär. 30-njy aprelde ony GPT-4o çalşar, GPT-4.5-iň deslapky wersiýasyna API arkaly giriş bolsa 14-nji iýulda ýapylar.


11.06.2026 23:59
6.6k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.3k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......