OpenAI täjirçilik maksatly kompaniýa bolmak meýillerinden el çekdi

  • 08.05.2025 16:49
  • 3.1k+

ChatGPT-ni döreden OpenAI amerikan kompaniýasy täjirçilik däl guramanyň dolandyryşynda galar. Muny kompaniýanyň baş direktory Sem Altman 5-nji maýda işgärlere ýazan hatynda resmi taýdan yglan etdi.

Onuň sözlerine görä, OpenAI çäklendirilen jogapkärçilikli täjirçilik däl kompaniýa bolmagyndan jemgyýetçilik bähbitlerini üpjün etmek boýunça korporasiýa  öwrüler.

Altmanyň hatynda: "Biz raýat liderleriniň pikirlerini diňläp, Kaliforniýa we Delawer ştatynyň prokuraturalary bilen gepleşikler geçirenimizden soň, täjirçilik däl gurama dolandyryşyny saklamak kararyna geldik. Biz mundan beýläkki gepleşikleriň dowamynda Microsoft we täjirçilik däl guramalar boýunça iş toparynyň täze bellenen agzalary bilen bu meýilnamanyň jikme-jikliklerini taýýarlamaga girişmäge  sabyrsyzlyk bilen garaşýarys" - diýilýär.

Kompaniýa ozal işgärlerini saklamak we täze maýadarlary çekmek maksady bilen, dolandyryş gurluşyny üýtgetmegi we täjirçilik dolandyryş gurluşyna geçmegi meýilleşdirýändigini mälim edipdi.
OpenAI emeli aň tehnologiýalaryny ösdürmekde dünýäde öňdebaryjylaryň biridir. Microsoft Corporation OpenAI-yň esasy maýa goýujysy we aýratyn hyzmatdaşy bolup durýar.


11.05.2026 18:18
980

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......

10.05.2026 12:04
1.2k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

07.05.2026 14:14
2.7k+

Pirelli tekerleri emeli aňyň kömegi bilen ýoluň örtügini seljermegi öwrener

Pirelli kompaniýasy Şwesiýanyň «Univrses» tehnologiýa firmasynyň 30% paýyny satyn alandygyny yglan etdi. Bu şertnama kompaniýa özüniň «Cyber Tyre» platformasyna kompýuter görüşi we emeli aň tehnologiýalaryny......

06.05.2026 19:44
4.4k+

Samsung-yň eýeleri $8 mlrd möçberinde miras salgydyny töledi. Bu ýurt üçin rekord

2020-nji ýylda aradan çykan Samsung korporasiýasynyň ýolbaşçysy Li Gon Hiniň maşgalasy Günorta Koreýa üçin rekord mukdar bolan 12 trillion wona (8 milliard dollar) möçberindäki miras salgydyny dolulygyna töläp......