OpenAI kompaniýasy BAE-däki uly maglumat merkeziniň gurluşygyna ýardam berer

  • 20.05.2025 07:46
  • 3k+

«ChatGPT» çat-botunyň döredijisi bolan «OpenAI» kompaniýasy Birleşen Arap Emirliklerinde guruljak täze uly maglumat merkeziniň işlenip düzülmegine ýardam berer. Bu merkez soňlugy bilen dünýäniň iň uly maglumat merkezleriniň birine öwrüler we «OpenAI» onuň esasy ygtybarly kärendeçileriniň biri bolar diýip, «Bloomberg» agentligi habar berýär.

Täze maglumat merkezi toplumynyň Abu-Dabi şäherinde ýerleşdirilmegi we onuň umumy kuwwatynyň 5 gigawatt bolmagy meýilleşdirilýär. «OpenAI-yň» bu taslama gatnaşýandygy heniz resmi taýdan tassyklanmasa-da, bu barada kompaniýanyň ýakyn wagtda resmi beýanat bermegine garaşylýar.
Bu habar geçen penşenbe güni BAE bilen ABŞ-nyň arasynda gol çekilen täze ylalaşykdan soň ýüze çykdy. Şol ylalaşyga laýyklykda, BAE ABŞ-dan daşardaky iň uly emeli aň kampusyny gurmagy meýilleşdirýär.


düýn 11:47
6.9k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

26.05.2026 15:18
1.9k+

Dubaýda sebitiň ilkinji sanly sungat muzeýi açylar

Dubaýda Ýakyn Gündogaryň ilkinji sanly sungat muzeýi bolan Museum of Digital Art (MODA) açylar....