OpenAI programmistlere gönükdirilen GPT-4.1 modelini çykardy

  • 17.05.2025 14:40
  • 1.1k+

OpenAI kompaniýasy ChatGPT hyzmatynda GPT-4.1 we GPT-4.1 mini modellerini çykardy. Kompaniýa X sosial ulgamynda täze modelleriň ilkinji nobatda kod ýazmak we düzetmek boýunça gurallara zerurlygy bolan programmistlere gönükdirilendigini habar berdi.

GPT-4.1 modeli has tiz işleýär we programmirleme hem görkezmeleri ýerine ýetirmek meselelerinde GPT-4o-dan öňe geçýär. Ol ChatGPT Plus, Pro we Team ulanyjylary üçin elýeterlidir. GPT-4.1 mini modeliniň kuwwaty biraz pes bolup, ähli ulanyjylar, şol sanda mugt ulanyjylar üçin hem açykdyr. GPT-4.0 mini modeli indi goldanylmaýar we ChatGPT-den aýryldy.
GPT-4.1 we GPT-4.1 mini ilkinji gezek 2025-nji ýylyň aprel aýynda görkezildi, ýöne şol wagt olar diňe API arkaly işläp düzüjiler üçin elýeterlidi. Bu modelleriň işe girizilmegi tankyda getirdi, çünki OpenAI modelleriň howpsuzlygy barada hasabatyny hödürlemedi.
OpenAI-iň howpsuzlyk bölüminiň ýolbaşçysy Ýohannes Haýdeke GPT-4.1 modeliniň täze mümkinçiliklere eýe däldigini we aň taýdan GPT-4o modelinden öňe geçmeýändigini belledi. Ol modeliň howpsuzlyk meselesiniň möhümdigini, ýöne onuň has kuwwatly boljak indiki nesil modellerinden tapawutlanýandygyny aýtdy.
Indi OpenAI täze “Safety Evaluations Hub” çeşmesinde howpsuzlyk synaglarynyň netijelerini ýerleşdirip, aç-açanlygy ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär.
GPT-4.1-iň işe girizilmegi işläp düzüjiler üçin EA gurallaryna bolan gyzyklanmanyň artýan döwründe bolup geçýär. KHBS OpenAI-iň 3 mlrd dollara meşhur Windsurf programmirleme guralyny satyn almaga ýakyndygyny habar berýär.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......