ChatGPT mart aýynda dünýäde ilkinji gezek iň köp ýüklenen programma boldy

  • 16.04.2025 07:51
  • 1.4k+

2025-nji ýylyň mart aýynda ChatGPT ilkinji gezek dünýäde iň köp ýüklenen programma boldy – ol TikTok bilen Instagram-y hem geçdi. App Figures analitik kompaniýasynyň berýän maglumatlaryna görä, geçen aýda OpenAI-yň esasy programmasy 46 million gezek ýüklendi. Şolaryň 13 milliony iPhone enjamlaryna, 33 milliony bolsa Android ulgamlaryna degişlidir.

Şol döwürde TikTok 45 million gezek, Instagram bolsa ChatGPT bilen deň – 46 million gezek ýüklendi, ýöne ChatGPT sähel öňe saýlanmagy başardy.
Hünärmenler ösüşiň esasy sebäbini surat döretmek bilen bagly täze funksiýanyň peýda bolmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Ulanyjylaryň arasynda Ýaponiýanyň Studio Ghibli studiýasynyň äheňinde döredilen suratlar örän meşhur boldy. Bu studiýa meşhur anime-taslamalary bilen tanalýan ýapon multiplikator Haýaо Miýadzaki bilen baglanyşyklydyr.
Täze funksiýanyň işe girizilen ilkinji hepdesinde ulanyjylar 700 milliondan gowrak surat döretdiler. Bu suratlary 130 milliondan gowrak adam taýýarlady. Ol suratlar sosial torlarda tiz wagtda ýaýrady we örän meşhur boldy.
Iň köp ýüklenen programmalaryň ilkinji 10-lugyna WhatsApp, Telegram we Threads programmalary hem girýär. Umuman alanyňda, mart aýynda dünýä boýunça 339 million programma ýüklenipdir. Bu görkeziji fewrala garanyňda 40 million ýokarydyr.
ChatGPT-niň ýüklenip alynma sany diňe bir aýda 28% artdy. 2025-nji ýylyň başyndan bäri bolsa, bu görkeziji 148% ýokarlandy. Analitikleriň pikirine görä, bu programma ulanyjylaryň özüni alyp barşyny düýpli üýtgedýär – öň olar wagtlaryny TikTok ýa-da Instagram-da geçirýän bolsalar, indi döredijilik üçin emeli aň programmalaryny saýlaýarlar.
Aprel aýynda hem täze rekordlaryň bolmagyna garaşylýar. Ulanyjylar OpenAI-dan wideo we saz döretmek ýaly mümkinçilikleriň goşulmagyny talap edýärler. Kompaniýa bolsa bu islegleri göz öňünde tutjakdygyny aýdýar.


düýn 20:01
3.6k+

TikTok ABŞ-da çagalaryň maglumatlary boýunça gozgalan dawany çözmek üçin 400 million dollar tölär

ABŞ-nyň hökümeti we TikTok sosial ulgamynyň ýolbaşçylygy kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylaryň gizlinliginiň bozulmagy bilen bagly giň gerimli derňew işi boýunça ylalaşyk baglaşmaga golaýlaşýarlar. Tölenjek......

09.05.2026 00:32
10k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....

07.05.2026 21:13
2.9k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....