ChatGPT indi bulut saklaýjylaryndaky korporatiw faýllary seljerip bilýär

  • 07.06.2025 19:49
  • 1.4k+

«OpenAI» kompaniýasy ChatGPT üçin täze mümkinçilikleri goşdy. Indi işewür ulanyjylar çat-boty Google Drive, Dropbox, Box, SharePoint we OneDrive ýaly korporatiw bulut saklaýjylarynda ýerleşýän kompaniýanyň içerki maglumatlaryna baglap bilerler. Emeli aň kompaniýalaryň içerki resminamalarynda maglumat gözläp, seljerip bilýär diýip, «TechCrunch» habar berýär.

Mundan başga-da, çat-bot ýygnaklary hasaba alyp we göni ýaýlymda berip bilýär, taýmkodlar bilen bellikler döredýär, esasy pursatlary saýlap görkezýär we ara alnyp maslahatlaşylan zatlaryň esasynda mümkin hereketleri teklip edýär. Bu ýazgylary adaty resminamalar ýaly gözläp bolýar. Olardan döredilen wezipeleri awtomatik usulda «OpenAI-yň» tekst we kod bilen işlemek üçin niýetlenen Canvas gurallaryna geçirip bolýar.
Bu funksiýa faýllaryň elýeterlilik hukuklaryny hem hasaba alýar: eger işgär haýsydyr bir faýla girip bilmeýän bolsa, ChatGPT oňa degişli maglumatlary görkezmez.
Ulanyjylar şeýle hem maglumatlary çuňňur seljermek üçin niýetlenen MCP (Model Context Protocol) protokoly arkaly beýleki gurallary hem birikdirip bilerler. MCP goldawy Pro, Team we Enterprise nyrhnamalarynyň abunaçylary üçin elýeterlidir.
«OpenAI» kompaniýasy «HubSpot», «Linear» we birnäçe «Microsoft» hem-de «Google» önümleri üçin «deep research connectors» diýlip atlandyrylýan beta wersiýany işe girizdi. Bularyň kömegi bilen ChatGPT kompaniýanyň içerki maglumatlaryny internetden alnan daşarky maglumatlar bilen utgaşdyryp analitiki hasabatlar taýýarlap bilýär. Bu funksiýalaryň ählisi tölegli nyrhnamalarda elýeterlidir.


03.06.2026 18:12
6.4k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......