ChatGPT Plus ilkinji bolup BAE-niň ýaşaýjylary üçin mugt elýeterli bolar

  • 28.05.2025 20:26
  • 3.3k+

Birleşen Arap Emirlikleriniň ýaşaýjylary tiz wagtdan dünýäde ilkinji bolup ChatGPT Plus-a – OpenAI-iň çat-botunyň tölegli wersiýasyna mugt elýeterli bolar. Bu OpenAI bilen BAE-niň hökümetiniň arasyndaky giň gerimli hyzmatdaşlyk taslamasynyň bir bölegidir diýip, The Economic Times neşiri ýazýar.

Ylalaşygyň çäklerinde Abu-Dabide uly Stargate UAE maglumat merkezi gurulýar. Onuň 200 megawatt kuwwatly ilkinji tapgyry indiki ýyl işe girizilmeli. Geljekde desga gigawatt kuwwatyny talap eder, bu hem ony emeli aň ulgamlary üçin niýetlenen dünýäde iň uly maglumat merkezleriniň birine öwrer.
Taslama ABŞ bilen hyzmatdaşlykda dürli ýurtlarda EA infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdirilen Open AI for Countries başlangyjynyň bir bölegidir. OpenAI-iň baş direktory Sem Altmanyň aýtmagyna görä, programma EA-nyň lukmançylykda, bilimde we energetikada ulanylmagyny göz öňünde tutýar.
Taslama Oracle, Nvidia, Cisco, SoftBank ýaly kompaniýalar, şeýle-de EA pudagynda Ýakyn Gündogaryň lideri, Microsoft bilen hyzmatdaşlyk edýän G42 goşuldy. Taslamany durmuşa geçirmek bilen OpenAI öz mümkinçiliklerini giňeltmek üçin strategiki esas, BAE bolsa global EA pudagynyň merkezi hökmünde ornuny berkitmäge mümkinçilik alar.
Adatça, aýda 20 dollar bolan ChatGPT Plus-a mugt elýeterlilik ýurduň ýaşaýjylary üçin goşmaça ýeňillik bolar.
Taslama diňe bir maglumat merkezlerini döretmäge däl, eýsem emeli aňy ýerli dillere uýgunlaşdyrmaga, medeni kadalary berjaý etmäge we şahsy maglumatlary goramaga gönükdirilendir. Ylalaşygyň çäklerinde BAE ABŞ-da EA taslamalaryna öz infrastrukturasy üçin maýa goýumlar bilen deň mukdary maýa goýmaga borçlandy. Bu umumy maýa goýumyň 20 mlrd dollar bolup biljekdigini aňladýar. 


düýn 11:47
6.9k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

26.05.2026 15:18
1.9k+

Dubaýda sebitiň ilkinji sanly sungat muzeýi açylar

Dubaýda Ýakyn Gündogaryň ilkinji sanly sungat muzeýi bolan Museum of Digital Art (MODA) açylar....