Глава OpenAI рассказал о попытках Meta переманить специалистов бонусами в $100 млн

  • 20.06.2025 19:06
  • 3.7k+

OpenAI-iň baş direktory Sem Altman Mark Sukerbergiň Meta korporasiýasynyň öz kompaniýasynyň işgärlerini özüne çekmek üçin 100 mln dollara çenli möçberde bonus hem-de has ýokary ýyllyk töleglerini hödürländigini aýtdy. Bu barada ol öz doganynyň alyp barýan Uncapped podkastynda gürrüň berdi diýip, TechCrunch habar berýär.

“Bu akyla sygmajak zat. Meta biziň toparymyzyň köp agzasyna ummasyz pul mukdaryny hödürläp başlady. $100 mln bonus – bu bir ýyl iş üçin berilýän töleg bukjasyndan hem köp. Men esasy hünärmenlerimiziň hiç biriniň şeýle teklibe razy bolmandygyna begenýärin” – diýip, Altman aýtdy.

Ozal The New York Times Meta-nyň “aňdan ýokary” EA ulgamyny işläp taýýarlamak üçin 50 hünärmenden ybarat topar döredýändigini habar berdi. Geçen hepde kompaniýa Scale AI kompaniýasyna 14,3 mlrd dollar maýa goýdy, onuň baş direktory Aleksandr Wan bu taslama eýýäm goşuldy.
Altman OpenAI-iň işgärleriniň kompaniýanyň “güýçli” emeli aňy (AGI) beýlekilerden ir döredip biljekdigine ynanýandygyny belledi. Ol missiýany ýokary tölegden has wajyp diýip hasaplaýar. Käbir neşirler hem Meta-nyň OpenAI-iň esasy gözlegçileriniň biri bolan Noem Brauny we Google-yň EA arhitektory Kowaý Kawukçuogluny özüne çekmek synanyşygynyň şowsuz bolandygyny ýazdy.
Altman Meta-nyň üstünliklerine hormat goýýandygyny, ýöne innowasiýalarda gowşak hasaplaýandygyny aýtdy. Üstünlik gazanmak üçin biriniň yzyndan ýetiji rolunda bolmak ýeterlik däl, öňdebaryjylyk üçin hakyky innowasiýalar zerur diýip, ol belledi.
Şeýle-de, OpenAI-iň ýolbaşçysy kompaniýanyň sosial ulgamlar üçin kontenti şahsylaşdyrmak tehnologiýasyny işläp taýýarlamaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Onuň pikiriçe, bar bolan algoritmler kanagatlanarly netijäni bermeýär. Käbir maglumatlara görä, OpenAI eýýäm şeýle programmanyň üstünde işleýär. Meta hem emeli aňy öz sosial ulgamlarynda synap görýär, ýöne şeýle tagallalaryň netijeleri häzirlikçe ulanyjylarda dürli garaýyşlary döredýär. 


25.06.2026 20:11
3.4k+

Основатель индийского стартапа Cred возглавит WhatsApp

Компания Meta объявила о смене руководства WhatsApp. Уилл Кэткарт, возглавлявший мессенджер последние семь лет, перейдёт на другую должность внутри компании, а новым руководителем станет основатель индийского......

12.06.2026 23:59
2.1k+

Сделка отменяется: Meta отказалась от покупки стартапа Manus за $2 млрд

Американская корпорация Meta начала процесс расторжения соглашения о покупке стартапа Manus стоимостью 2 млрд долларов после требований китайских властей отменить сделку....

31.05.2026 18:06
2.3k+

NYT: Anthropic стал самым дорогим ИИ-стартапом в мире

Компания Anthropic стала самым дорогим стартапом в сфере искусственного интеллекта, обогнав по оценке бизнеса своего прямого конкурента OpenAI. Об этом сообщила газета The New York Times....

20.05.2026 15:31
1k+

Intel и McLaren объявили о стратегическом партнёрстве в Формуле-1

Корпорация Intel и команда McLaren Racing объявили о начале стратегического партнёрства, в рамках которого американская компания станет вычислительным партнёром команды Формулы-1....