Apple ChatGPT ýaly täze gözleg ulgamynyň üstünde işleýär

  • 05.08.2025 23:29
  • 2.1k+

Apple ChatGPT çat-botuna meňzeş täze gözleg ulgamyny döretmegiň üstünde işleýär. Bu barada Bloomberg-iň habarçysy Mark Gurman habar berdi.

Onuň aýtmagyna görä, kompaniýa taslamany işläp taýýarlamagyň irki tapgyrynda bolup, ol internetden maglumat gözlemäge we umumy soraglara jogap bermäge ukyply täze “jogaplar ulgamynyň” peýda bolmagyny göz öňünde tutýar. Şeýle-de, bu funksiýa üçin aýratyn programma çykarmak mümkinçiligi öwrenilýär.
Şeýle-de, Apple Siri, Spotlight, Safari ýaly hyzmatlary ösdürmäge jogap berjek inženerleri işe alýar. Material çykan wagty ABŞ-da we Hytaýda kompaniýanyň boş iş orunlary baradaky saýtynda ondan gowrak bildiriş bardy.
Hususan-da, Apple şahsy soraglara jogap bermekde Siri-niň mümkinçiliklerini kämilleşdirmek üçin maşyn bilimi boýunça hünärmeni gözleýär. Boş iş orunlarynyň biriniň beýannamasynda toparyň ulgama gizlinligi saklamak bilen, ulanyjynyň şahsy resminamalaryny ulanyp, jogap bermäge mümkinçilik berýän uly dil modelini işläp taýýarlaýandygy aýdylýar.
Gurman täze programma bilen bir hatarda Siri, Spotlight we Safari-niň geljekki wersiýalaryny kämilleşdirjek tehnologiýalaryň işlenip taýýarlanýandygyny aýdýar.
Mundan öň ol kompaniýanyň Siri-niň ChatGPT-ä meňzeş täze wersiýasynyň üstünde işleýändigini habar berdi, ýöne ol iOS 27-den ir çykmaz.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......