Magnus Karlsen ChatGPT bilen küşt oýnap, ýekeje malyny ýitirmän utdy

  • 14.07.2025 18:27
  • 7k+

Norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen ChatGPT bilen bir döw küşt oýnap, ony utdy. Küşt boýunça 16-njy dünýä çempiony emeli aň bilen oýnamakdan alan täsirlerini we ekran suratlaryny sosial ulgamlarda paýlaşdy.

34 ýaşly norwegiýaly gezelenç wagty ýüreginiň gysandygyny we ChatGPT bilen oýnamak kararyna gelendigini aýtdy. 53 göçüm dowam eden onlaýn döwde Karlsen ýekeje-de malyny ýitirmän, neýroulgamdan üstün çykdy.
Mundan başga-da, grossmeýster ChatGPT-den özüniň oýun derejesine baha bermegi sorady. Emeli aň Karlseniň reýtinginiň Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) ýa-da ABŞ-nyň Küşt federasiýasynyň (USCF) şkalasy boýunça 1800-2000 bala barabardygyny çaklady. Aslynda, küştçiniň häzirki reýtingi 2839-dan ýokary. Karlseniň reýtingi 2001-nji ýylda, 11 ýaşynda wagty iki müň bal töweregi bolupdy.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......