ChatGPT-niň özüňe laýyk geljek modelini nädip saýlamaly? OpenAI düşündiriş berdi

  • 08.05.2025 12:16
  • 1.4k+

OpenAI ChatGPT çat-botunyň her bir adamyň özüne laýyk gelýän wersiýasyny saýlamak boýunça gollanma hödürledi. Ol kompaniýanyň resmi saýtynda ýerleşdirildi.

Häzirki günde ulanyjylar üçin dürli modeller elýeterli: GPT-4o, GPT-4.5, o4-mini, o4-mini-high, o3 we o1-pro. Olaryň her biri dürli ýumuşlar üçin laýyk gelýär.
GPT-4o tizligi talap edýän gündelik işler üçin niýetlenendir. Ol dürli formatlary: teksti, şekilleri, jedwelleri, audiony we wideony goldap, hat ýazmak, resminamalary seljermek we meýilnama düzmek üçin laýyk gelýär.
GPT-4.5 döredijilik işleri üçin maslahat berilýär. Ol konteksti göz öňünde tutýar we marketing tekstlerini ýa-da sosial ulgamlarda postlary ýazmak üçin ulanylyp bilner. Ýöne bu wersiýada çäk bar – hepdede 20 sorag. GPT-4o-da ondan tapawutlylykda çäk ýok we ol has hemmetaraplaýyn.
Tehniki işler üçin o4-mini-niň iki wersiýasy elýeterli. Esasy model soraglara çalt jogap berýär we günde 300-e çenli soraga rugsat berýär. o4-mini-high wersiýasy has giňişleýin jogap berýär, ýöne günde 100 sorag bilen çäklenýär.
o3 modeli – iň güýçlüsi. Ol strategik meýilnamalaşdyryş, has uly göwrümli maglumatlary işlemek ýa-da çuňňur seljerme ýaly köp tapgyrlaýyn işler üçin laýyk gelýär. Onuň çägi – hepdede 100 sorag.
Şeýle-de, o1-pro elýeterli. Bu uzak möhletli seljeriş işi üçin niýetlenen köne modeldir.


17.06.2026 11:11
1.3k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......