Google, Spotify, ChatGPT we beýleki hyzmatlaryň işinde global näsazlyk ýüze çykdy

  • 14.06.2025 09:50
  • 1.8k+

Downdetector platformasynyň maglumatlaryna görä, 12-nji iýun gijesi uly sanly hyzmatlaryň birnäçesiniň işinde giň gerimli näsazlyk ýüze çykdy.

Ulanyjylar Google hyzmatlaryny – Cloud, Drive, Meet, Gmail, şeýle-de gözleg ulgamy we YouTube wideohostingini ulanmaga synanyşanlarynda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolandyklaryny habar berdiler. Google Cloud sahypasynda näsazlygyň dünýäniň köp sebitlerine täsir edendigi görkezilýär. Kompaniýa näsazlygyň bardygyny tassyklady.
Şeýle hem Spotify, Amazon Web Services, Cloudflare, Discord, Snapchat we beýleki platformalaryň işinde hem näsazlyklaryň ýüze çykandygy habar berilýär.
OpenAI kompaniýasy ChatGPT çat-botuna girmek bilen baglanyşykly kynçylyklar barada habar berdi.
Cloudflare öz hyzmatlarynyň käbirinde «wagtal-wagtal näsazlyklaryň» ýüze çykýandygyny mälim etdi. Şol bir wagtyň özünde, Aşgabadyň wagty bilen sagat 00:12-de kompaniýa hyzmatlaryň dikeldilip başlanandygyny habar berdi.
Google bolsa, sagat 00:30-da inženerleriniň Google Meet-de ýüze çykan näsazlyklardan galan ähli bökdençlikleri düzedendigini aýtdy.


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

23.04.2026 22:41
3.9k+

Germaniýada bir adam ChatGPT-niň kömegi bilen kazyýet işini utdy

Germaniýada emeli aňdan peýdalanyp, kazyýetde özüni aklamagy başaran adam barada täsin waka hasaba alyndy. Leýpsig şäheriniň ýaşaýjysy Dawid Hins öz goranyş çäresini ChatGPT neýroulgamynyň kömegi bilen......