Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

  • 07.05.2026 21:13
  • 3k+

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar tölemäge razy boldy. Bu barada Financial Times neşiri habar berdi.

Kazyýet işi WWDC 2024 maslahatynda görkezilen Apple Intelligence tanyşdyrylyşy bilen baglanyşyklydyr. Şonda kompaniýa ulanyjynyň adyndan amaly programmalarda hereket edip bilýän we enjamdaky konteksti nazara alýan "şahsylaşdyrylan" Siri-ni görkezipdi. Emma dabaraly yglan edilenden takmynan iki ýyl geçendigine garamazdan, bu funksiýalar henize çenli elýeterli däl.

Tölegi iPhone 16 we iPhone 15 Pro smartfonlaryny satyn alan ABŞ-daky ulanyjylar alyp bilerler, sebäbi olar bu enjamlary alanda Siri-niň täze mümkinçiliklerine garaşypdylar. Şol bir wagtyň özünde, ylalaşyk Apple-iň özüni günäkär diýip ykrar etmegini talap etmeýär.

2024–2025-nji ýyllarda kompaniýa Apple Intelligence-iň käbir aýry funksiýalaryny — tekst redaktirlemek, surat döretmek we OpenAI-yň ChatGPT ulgamy bilen integrasiýasyny kem-kemden işe girizdi. Muňa garamazdan, Siri-niň esasy täzelenmesi çykmady.

2025-nji ýylyň martynda iPhone 16 satuwa çykanyndan birnäçe aý soň, Apple kömekçiniň täze görnüşiniň goýberilmeli wagtyny resmi taýdan yza süýşürdi. Gijikdirme baradaky habardan soň, kompaniýa Siri-niň täze mümkinçiliklerini görkezýän mahabat serişdelerini hem aýyrdy.

Financial Times-yň maglumatyna görä, kömekçiniň täzelenen görnüşini şu ýyl Google bilen hyzmatdaşlykda we Gemini modellerini ulanmak arkaly çykarmak meýilleşdirilýär. Onuň iOS 27 ulgamynyň bir bölegi bolmagyna garaşylýar.


düýn 19:53
1.9k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....