Germaniýada bir adam ChatGPT-niň kömegi bilen kazyýet işini utdy

  • 23.04.2026 22:41
  • 3.9k+

Germaniýada emeli aňdan peýdalanyp, kazyýetde özüni aklamagy başaran adam barada täsin waka hasaba alyndy. Leýpsig şäheriniň ýaşaýjysy Dawid Hins öz goranyş çäresini ChatGPT neýroulgamynyň kömegi bilen taýýarlap, kazyýet işini utmagy başarýar.

​Wakanyň mazmuny şeýle:işsizlik kömegini alyp ýören Hins işe göz öňünde tutulan möhletden bir hepde öň çykandygy sebäpli Federal zähmet agentligi tarapyndan kazyýet işine duçar bolýar. Ol bu barada degişli edara wagtynda habar berendigine garamazdan, tölegler öz wagtynda togtadylmandyr we oňa artykmaç 242,34 ýewro geçirilipdir.

​Agentlik ýalňyşlygy düzetmegiň ýerine, raýaty kezzaplykda aýyplaýar.

​Şeýlelikde, aklawjy tutmaga mümkinçiligi bolmadyk Hins, neýroulgamyň kömegi bilen 18 sahypalyk arza taýýarlaýar we özünde hiç hili ýaman niýetiň bolmandygyny kazyýetde subut etmegi başarýar. 

Şeýdip, geçen ýylyň martynda başlan kazyýet işi, oktýabr aýynda onuň aklanylmagy bilen tamamlanýar.

 


25.06.2026 10:21
4.3k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......