OpenAI kompaniýasy 6,5 mlrd dollara emeli aň gajetlerini işläp düzýän startapy satyn aldy

  • 25.05.2025 19:53
  • 2.4k+

«OpenAI» kompaniýasy emeli aň tehnologiýasyny ulanmak üçin enjamlary taýýarlaýan «io Products» startapyny satyn alandygyny habar berdi. Amerikan metbugat çeşmeleriniň ýazmagyna görä, geleşik 6,5 milliard dollara baglaşylypdyr, şeýle-de pul serişdeleri paýnama görnüşinde tölener.

Bu «OpenAI-yň» taryhyndaky iň uly satyn alyş boldy.
«io» startapy mundan bir ýyl ozal «Apple» kompaniýasynyň öňki baş dizaýneri Joni Aýw tarapyndan esaslandyryldy. Ol «Apple» kompaniýasynda 30 ýyl diýen ýaly işläp, «iMac», «MacBook», «iPhone» we «iPad» ýaly esasy önümleriň döredilmegine gatnaşypdy. 2019-njy ýylda Aýw «Apple-dan» aýrylyp, öz taslamalary bilen meşgullanyp başlady. «io Products» hem şol taslamalaryň biridir.
2023-nji ýylda Aýw bilen «OpenAI-yň» esaslandyryjysy Sem Altman EA tehnologiýasyna gönükdirilen täze enjam döretmek barada pikir alşypdy. Şol ýylyň ahyrynda «OpenAI» kompaniýasy «io» startapynyň 23% paýyny satyn alypdy.
Indi Aýw «OpenAI» bilen bilelikde adaty smartfonlara garanyňda, emeli aň bilen işleşmek üçin has amatly gajetler tapgyrynyň üstünde işleýär. Bu enjamlaryň ilkinjisiniň 2026-njy ýylda tanyşdyrylmagy meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, Aýw we onuň «LoveFrom» studiýasy diňe enjamlaryň däl, eýsem kompaniýanyň programma üpjünçiliginiň, şol sanda «ChatGPT-niň» hem dizaýnyny işläp düzer.


31.05.2026 18:06
2.2k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
1k+

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

15.05.2026 10:46
1.8k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......

11.05.2026 18:18
1.2k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......