ABŞ-nyň kazyýeti OpenAI-y hatda pozulan çatlary hem saklap galmaga borçlandyrdy. Bu ulanyjylarda howsala döredýär

  • 26.06.2025 18:32
  • 4.4k+

Nýu-Ýorkyň Günorta okrugynyň Okrug kazyýeti OpenAI kompaniýasyny ChatGPT ulanyjylarynyň ähli gepleşiklerini, şol sanda öçürilen we anonim söhbetleri hem saklamaga borçlandyrdy. Bu karara garşy arz etmek synanyşyklary ret edildi diýip, Ars Technica neşiri habar berýär.

Karar ilkibaşda The New York Times ýaly media kompaniýalarynyň awtorlyk hukuklarynyň bozulmagy baradaky beren şikaýaty esasynda kabul edildi. Kazyýet bu söhbetleriň mümkin delil hökmünde hemişelik saklanylmalydygyny aýtdy. Emma ABŞ-nyň käbir raýatlary bu talaba garşy çykmaga synanyşdy.
Şolardan biri - Eýdan Hant öz çykyşynda bu söhbetlerde şahsy ýa-da işewür maglumatlaryň bolup biljekdigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, OpenAI öň bu söhbetler öçürilenden soň saklanmaýandygyny aýdypdy we täze syýasat baradaky ulanyjylara habar berilmändi.

“Ulanyjylara maglumatlarynyň hemişelik ulgamda galjakdygy düşündirilmedi, bu bolsa ABŞ-nyň Konstitusiýasynyň gizlinlik hukugyny we Dördünji düzedişini bozýar” diýip, Hant aýtdy. Ol anonim söhbetleriň, şeýle hem lukmançylyk, maliýe we hukuk bilen baglanyşykly gürrüňleriň saklanylmazlygyny talap etdi. Emma kazy Ona Wan bu talaby ret edip, gizlinlik meselesiniň awtorlyk hukugy bilen bagly işe gönüden-göni degişli däldigini belledi.

Spark Innovations atly konsalting kompaniýasy hem şikaýat bilen çykyş edip, söwda syry bilen baglanyşykly maglumatlaryň saklanylmagyna alada bildirdi.
Elektron Serhetler Gaznasynyň aklawçysy Korinn Makşerri ulanyjylaryň aladalaryny goldady.

“Bu ýagdaý OpenAI-nyň ulanyjylarynyň ählisiniň şahsy durmuşyna howp salýar. Emeli aň arkaly alnyp barylýan söhbetler korporatiw gözegçilik üçin täze gural bolup bilýär, esasanam ulanyjylar maglumatlaryna öçürilenden soň hem doly gözegçilik edip bilmese şeýle bolýar” diýip, ol aýtdy.

Hukuk goraýjy guramalar emeli aň bilen meşgullanýan kompaniýalaryň kazyýet talaplary barada hasabat bermegini we maglumatlaryň hakykatdanam öçürilmegini üpjün etmegini talap edýärler.
OpenAI kompaniýasynyň bu çözgüde garşy nähili hereket etjekdigi entek belli däl. Käbir pikirlere görä, kompaniýa çykdajylary azaltmak ýa-da abraýy goramak üçin şahsy maglumatlaryň goragyndan ýüz öwrüp biler. OpenAI-niň wekilleri öň bu kazyýet çözgüdine garşy çykyş etjekdiklerini aýdypdy.


19.06.2026 19:47
1.3k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.5k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......