GPT-4 emeli aňy onlaýn çekişmelerde adamlaryň 64%-inden has ynandyryjy bolup çykdy

  • 23.05.2025 11:05
  • 1.2k+

GPT-4 neýrotory onlaýn çekişmelerde, aýratyn-da, garşydaşyň şahsy maglumatlary ulanylanda adamlaryň özündenem has ynandyryjy bolup çykdy. Şweýsariýanyň Lozanna şäherindäki Federal politehniki mekdebiň mugallymy Robert Uestiň ýolbaşçylygynda, şweýsariýaly, italiýaly we amerikaly alymlar topary şeýle netijä geldiler. Bu barada geçirilen barlagyň netijeleri «Nature Human Behaviour» žurnalynda çap edildi.

Emeli aň jemgyýetçilik-syýasy temalardaky çekişmelerde garşydaşlaryna 64% has ynandyryjy jogap bermägi başardy.
Bu synag emeli aňyň jemgyýetçilik pikirlerine täsir edip bilmeginiň howplaryny öwrenmek taslamasynyň çäginde geçirildi. Synaga ABŞ-dan tötänleýin saýlanan 900 adam gatnaşdy. Olar bilen bitarap ýa-da jedelli temalarda çekeleşikler geçirildi. Tapgyrlaryň käbirinde olaryň garşydaşy beýleki gatnaşyjylardy, başga bir tapgyrda bolsa – GPT-4. Käwagt gatnaşyjylara garşydaşynyň pikirleri we islegleri bilen baglanyşykly käbir maglumatlar hem berilýärdi.
Çekişmelere gatnaşyjylar özlerine berlen pozisiýany goramalydy we garşydaşynyň adamdygyny ýa-da emeli aňdygyny çaklamalydy. Netijelere görä, eger GPT-4 garşydaşynyň şahsy pikirleri barada maglumat alsa, çekişmeleriň 64%-ini ýeňýärdi. Bu bolsa onuň garşydaşa täsir ýetiriş ukybyny has-da güýçlendirýärdi.
Alymlaryň bellemegine görä, emeli aň arkaly adamlaryň pikirlerine we hereketlerine täsir ýetirmek ugrundaky synanyşyklar aýratyn howp döredýär. Şonuň üçin hem onlaýn çekişmeler platformalaryny taýýarlamakda bu töwekgelçilikler hökmanylykda göz öňünde tutulmaly.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......