San-Diegoda iki jahan urşuny başdan geçiren 141 ýaşly pyşbaga Ene bilen hoşlaşyldy

  • 28.11.2025 23:12
  • 14k+

San-Diego haýwanat bagynyň iň garry ýaşaýjysy, 141 ýaşly Ene (Gramma) atly galapagos pyşbagasy aradan çykdy. Haýwanat bagynyň işgärleri süňk keseli sebäpli ony uka gidirmeli boldy. CNN-iň habar bermegine görä, ewtanaziýa baradaky çözgüt jandaryň ýaş bilen bagly başdan geçirýän azaplary sebäpli kabul edildi.

Ene San-Diego Bronksdan geldi. Pyşbaga tebigy ýaşaýan ýerinde doguldy. Haýwanat bagyndaky dürli çeşmeler onuň bu ýere getirilen wagty barada dürli pikirleri aýdýar: käbirleri munuň 1928-nji, beýlekiler bolsa 1931-nji ýylda bolandygyny belleýär.
Ene galapagos pyşbagalarynyň topary bilen geldi, ýöne beýleki deň-duşlaryndan has uzak ýaşady.
Pyşbaga gözegçilikde ýaşan döwri iki jahan urşuny we ABŞ-nyň 20 Prezidentini başdan geçirdi. Haýwanat bagynyň işgärleri ony “şa aýaly” diýip atlandyrýardy. Garry pyşbaga çagalary arkasyna mündürip aýlamagy gowy görerdi, ýöne süňk näsazlygynyň ýüze çykyp başlamagy sebäpli soňky birnäçe ýylda bu güýmenjeden ýüz öwürdi. Onuň ejir çekýändigini görüp, işgärler onuň azabyny bes etmek kararyna geldi.
Galapagos pyşbagalary ýabany tebigatda ýüz ýyldan gowrak ýaşap bilýär. Emma gözegçilikde saklananda olaryň asyry tas iki esse uzalyp bilýär. Olaryň arasynda ömür dowamlylygy boýunça rekordy 2006-njy ýylda Awstraliýa haýwanat bagynda 175 ýaşynda ölen Garriet saklady. Onuň takyk doglan senesi belli däl, ýöne ony Galapagoslardan Çarlz Darwiniň özi getirdi diýlip hasap edilýär.


düýn 19:53
1.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

18.06.2026 22:32
3.9k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......