Russiýa 1961-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Baýkonurdaky heläkçilik sebäpli kosmosa adam iberip bilmez

  • 29.11.2025 18:21
  • 14k+

27-nji noýabrda Baýkonur kosmodromyndan kosmonawtlar Kud-Swerçkow, Mikaýew we astronawt Lu Uilýams bilen “Soýuz MS-28” kosmos gämisi HKS-e ugrady. Uçuşdan soň birinji basgançagyň reaktiw akymynyň № 31 uçuş meýdançasyny zaýalandygy belli boldy diýip, The Insider neşiri habar berýär.

Reaktiw akymy uçuş meýdançasyna düşüp, metal böleklere we hünärmenleriň raketany uçuşa taýýarlamak üçin ulanýan hyzmat ediş kabinasyna zyýan ýetiripdir. Şol sebäpli uçuş toplumyndan raketalary uçurmagy togtatmaly bolýar, bu hem HKS-iň iş maksatnamasyna düýpli täsir eder.
№31 meýdançasy Baýkonurda ekipažly “Soýuz” we ýükli “Progress” gämileriniň uçurylýan ýeke-täk meýdançasydyr. Bu uçuş toplumynyň 1961-nji ýyldan bäri dowam edýän baý kosmos taryhy bar. Şondan bäri bu ýerden 400-den gowrak P-7 we “Soýuz” raketalary uçuryldy. 2020-nji ýyldan bäri HKS-iň rus bölegini üpjün etmek işini hut № 31 meýdançasy ýerine ýetirýärdi.
“Soýuz” raketalary üçin laýyk gelýän başga uçuş meýdançalary dürli, şol sanda tehniki we geografik sebäplere görä ulanyp bilinmeýär.
«Roskosmos» meýdançany abatlamak üçin ähli zerur ätiýaçlyk elementleriniň bardygyny, ýöne dikeltmegiň möhletiniň entek belli däldigini aýtdy. 19-njy dekabra meýilleşdirilen «Progress» ýük gämisiniň uçuşy, ähtimal, yza süýşürilip bilner. Üpjünçiligiň bir bölegini amerikan we ýapon gämileri üpjün edip biler, ýöne HKS-iň orbitasyny sazlamak funksiýalaryny, adatça, Russiýanyň kosmos gämileri ýerine ýetirýär. 


20.04.2026 20:30
4.6k+

Raşid Meredow Antalýada birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi

18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň......

09.04.2026 19:49
8.7k+

Russiýanyň ilçisi Putiniň we Mişustiniň Türkmenistana amala aşyrjak saparlary barada habar berdi

2026-njy ýylda Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada Russiýanyň ilçisi Iwan Wolynkin «Neýtralnyý Turkmenistan»......

13.02.2026 15:31
4.9k+

Raşid Meredow we Sergeý Lawrow telefon arkaly bilelikdäki çäreleriň tertibini ylalaşdy

12-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi...

30.01.2026 18:11
1.5k+

Aşgabatda türkmen-rus syýasy geňeşmeleri geçirildi

29-njy ýanwarda Aşgabatda daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-rus syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi. Gepleşiklere Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow we onuň russiýaly kärdeşi Mihail Galuzin gatnaşdy...