Russiýanyň ilçisi Putiniň we Mişustiniň Türkmenistana amala aşyrjak saparlary barada habar berdi

  • 09.04.2026 19:49
  • 8.7k+

2026-njy ýylda Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada Russiýanyň ilçisi Iwan Wolynkin «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde 8-nji aprelde çap edilen makalasynda habar berdi.

Diplomatyň aýtmagyna görä, Mihail Mişustiniň sapary 22-nji maýa meýilleşdirilýär. Ol Aşgabatda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar. Duşuşykda ykdysady hyzmatdaşlyk, sanlylaşdyrma we ulag ugurlaryny ösdürmek meselelerini maslahatlaşmak göz önünde tutulýar.

Wladimir Putiniň saparyna bolsa 9-njy oktýabrda Türkmenistanda geçiriljek GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde garaşylýar.

Bu saparlar Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýän döwründe amala aşyrylar. Ýurt bu wezipäni Täjigistandan kabul edip alypdy.


şu gün 13:44
1k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......