Raşid Meredow Antalýada birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi

  • 20.04.2026 20:30
  • 4.7k+

18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, sebit howpsuzlygy we geljekde meýilleşdirilýän ýokary derejeli çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berýär.

Ukrainanyň daşary işler ministri Andreý Sibiga bilen duşuşykda taraplar söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassyklady.

Gepleşikler Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen dowam etdirildi. Ministrler iki ýurduň arasyndaky ýokary derejeli ynanyşykly dialogyň ähmiýetini belläp, ýakyn aýlarda geçiriljek halkara çärelerine taýýarlyk meselelerine we söwda-ykdysady gatnaşyklaryň geljegine garady.

Soňra Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen gepleşikler geçirildi. Taraplar şu ýylyň dowamynda iki ýurtda hem geçirilmegi meýilleşdirilýän ýokary döwlet derejesindäki duşuşyklaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berdi. Şeýle-de, sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdy.

Günüň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidan bilen netijeli gepleşikler geçirildi. Raşid Meredow türk tarapyny Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň ýokary derejede guralmagy bilen gutlady. Ministrler iki döwletiň Baştutanlarynyň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň tagallalary bilen ösýän strategik gatnaşyklary we parlamentara hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy. Sebit durnuklylygyna we howpsuzlygyna aýratyn üns berildi.

Forumyň çäklerinde Raşid Meredow Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gysga duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan özara meýillerini ýene-de bir gezek tassyklady.


düýn 22:20
3k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 12:11
13k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......