Raşid Meredow we Sergeý Lawrow telefon arkaly bilelikdäki çäreleriň tertibini ylalaşdy

  • 13.02.2026 15:31
  • 4.9k+

12-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyna garady. Ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge, şeýle hem öňde duran duşuşyklaryň we bilelikdäki çäreleriň tertibini ylalaşmaga aýratyn üns berildi.
Köptaraplaýyn platformalarda tagallalary utgaşdyrmagyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Hususan-da, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) çägindäki gatnaşyklar we Hazarýaka döwletleriniň hyzmatdaşlygy barada gürrüň edildi.
Mundan başga-da, ministrler Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň diplomatik gulluklarynyň işgärleriniň hünär baýramlary mynasybetli birek-birege gutlaglaryny beýan etdi.


şu gün 07:42
381

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.2k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......