Aşgabatda türkmen-rus syýasy geňeşmeleri geçirildi

  • 30.01.2026 18:11
  • 1.5k+

29-njy ýanwarda Aşgabatda daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-rus syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
Gepleşiklere Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow we onuň russiýaly kärdeşi Mihail Galuzin gatnaşdy. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşyp, bu gatnaşyklaryň strategik häsiýetini we oňyn ösüş dinamikasyny belledi.
Diplomatlar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki, hususan-da, BMG-niň we GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijeliligini tassyklady. Duşuşykda «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Gatnaşyjylar 2025–2026-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasyndaky Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň esasynda ministrlikleriň arasyndaky gepleşikleri berkitmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda edaralaryň wekilleri sebitdäki durnuklylygyň we howpsuzlygyň möhüm meselelerine seretdi.


şu gün 16:45
245

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

düýn 22:17
1.8k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
5.1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.3k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....