Taryhda ilkinji kalkulýatory auksionda satmak gadagan edildi: ony Blez Paskal oýlap tapypdy

  • 24.11.2025 13:59
  • 12k+

Christie's auksion öýi ilkinji işleýän hasaplaýjy maşynyň (kalkulýatoryň) seýrek nusgasyny söwdadan aýyrdy. Parižiň administratiw kazyýeti bu gymmatly zadyň Fransiýada galmalydygy barada karar çykardy diýip, "The Guardian" neşiri habar berýär.

"La Paskalin" diýlip atlandyrylýan bu enjam fransuz matematigi we oýlap tapyjysy Blez Paskal tarapyndan 1642-nji ýylda, ol 19 ýaşyndaka döredildi. "Christie's" bu maşyna "auksiona çykarylan iň möhüm ylmy gural" diýip at berdi we ony 2 million ýewrodan gowrak pula satmak niýetindedi.
Inkrustasiýaly gara agaçdan ýasalan bu gural, bir topar alymlaryň we gözlegçileriň ýüz tutmasyndan soň söwdadan aýryldy. Eksport rugsadyny bermek hem wagtlaýynça togtadyldy. Kazyýet şeýle diýdi: "Taryhy we ylmy gymmatlygyny göz öňünde tutup, "La Paskalin" ähtimal "milli miras" hökmünde tassyklanar, bu bolsa eksport şahadatnamasyny bermäge päsgel berýär".
Bu enjam 1942-nji ýyldan bäri hususy eýeçilikde bolup, häzirki wagta çenli saklanyp galan hakyky sekiz sany nusganyň biridir. Kristisiň beýanynda, onuň adam aňynyň işini maşyn bilen çalşyrmak ugrundaky ilkinji synanyşykdygy bellenilýärdi.
Paskal bu mehanizmleri Fransiýanyň demirgazygynda salgyt meseleleri bilen meşgullanan kazyýet başlygy bolan kakasynyň hasaplamalaryny ýeňilleşdirmek üçin döretdi.
Beýik alym dürli meseleler, mysal üçin onluk droblary, täjirçilik amallary ýa-da salgytlary hasaplamak üçin birnäçe model işläp düzdi. Auksiona çykarylan görnüşi bolsa ýer ölçegçiler üçin niýetlenip, fut, dýuým we sažen ýaly ölçeg birliklerini ulanýardy.
Alymlar topary, şol sanda 2021-nji ýylyň Fizika boýunça Nobel baýragynyň laureaty Jorjo Parizi satyşy petiklemek haýyşy bilen kazyýete ýüz tutdy.
Olaryň beýannamasynda şeýle diýilýär: "La Paskalin" hasaplaýyş tehnikasynyň ilkinji mysalydy; ol Fransiýany kompýuter ösüşiniň, ýagny dünýä baradaky düşünjämizi üýtgeden rewolýusiýanyň mesgeni etdi."


25.06.2026 19:11
5.6k+

24-nji iýun Fransiýada howa gözegcilikleriň taryhynda iň yssy gün boldy

24-nji iýunda Fransiýada howanyň iň ýokary ortaça temperaturasy hasaba alyndy. Le Parisien neşiriniň habaryna görä, ýurt boýunça ortaça temperatura 30 gradusa ýetdi....

22.06.2026 14:49
1.7k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

22.06.2026 14:28
1.5k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

20.06.2026 16:49
4k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......