OpenAI öz emeli aňy oturdylan enjamlarynyň ilkinji nusgalaryny döretdi

  • 28.11.2025 11:28
  • 1.5k+

OpenAI kompaniýasy özüniň emeli aň bilen işleýän enjamlarynyň ilkinji prototiplerini taýýarlady. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Sem Altman Apple-iň öňki baş dizaýneri Joni Aýw we Apple-iň merhum baş direktory Stiw Jobsuň aýaly Loren Pauell Jobs bilen söhbetdeşlikde mälim etdi diýip, CNBC habar berýär.

Enjamyň jikme-jiklikleri häzirlikçe gizlin saklanýar, ýöne Altmanyň sözlerine görä, enjam "adamyň bir wagt pikir eden, okan ýa-da aýdan ähli zatlaryny biler". Ýönekeý we ykjam enjamyň iki ýylyň içinde bazara çykmagyna garaşylýar.
Maý aýynda OpenAI Joni Aýwyň emeli aň bilen işleýän enjamlary işläp düzmekde ýöriteleşen başlangyjy io-ny 6,4 milliard dollara satyn aldy. Joni Aýw täze enjamlary işläp düzmek prosesiniň öňünden çaklap bolmaýandygyny, ýöne iki ýylyň içinde önümi çykarmagy umyt edýändigini belledi.
Sem Altman enjamy ulanmagyň täsirini "has rahat atmosfera" hökmünde häsiýetlendirdi. Ol: "Özüňi daglyk ýerde ýerleşýän iň owadan kölüň boýundaky öýde oturyp, ümsümlikden we asudalykdan lezzet alýan ýaly duýýarsyň" diýip belledi.
Onuň sözlerine görä, enjam ulanyjynyň etmeli wezipelerini ýerine ýetirip, maglumatlary süzüp, eýesine haçan we näme barada habar berilmelidigine düşünip biler.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......