Gemini «Google Kartalaryň» ähli hereket režimlerinde elýeterli boldy

  • 28.11.2025 12:06
  • 3.1k+

Google «Google Kartalarda» ýöriteleşdirilen täze nawigasiýa ulgamyny giňden ornaşdyryp başlady. Indi goşundy awtoulag, pyýada, welosiped hem-de şäher jemgyýetçilik ulag ugruny görkezýän ähli režimlerde emeli aň tehnologiýasy Gemini-ni ulanar diýip, 9to5Google ýazýar.

Noýabr aýynyň başynda Gemini diňe ABŞ-daky Android we iOS ulanyjylary üçin gepleşik esasly nawigasiýa we ýol hereketi barada maglumat bermek mümkinçiliklerinde elýeterli bolupdy.
Häzirki wagtda goşundydaky dört reňkli mikrofon nyşany Gemini-niň gök nyşany bilen çalşyryldy. Funksional taýdan bu AI nawigasiýada Google Assistant-y dolulygyna çalyşýar. Şol bir wagtyň özünde «Hey Google» diýen sesli buýruk bilen işjeňleşdirmek mümkinçilikleri hem saklanyp galdy.
Ulanyjylar «Öýe tarap  ugur gura », «Nawigasiýany bes et» ýa-da «Duralga goş» ýaly ugrukdyryş boýunça esasy buýruklary berip bilerler. Şeýle hem «Indiki öwrüm nirä alyp barýar?», «Meniň barjak wagtym haçan?» diýen ýaly haýyşlar arkaly häzirki ugur barada maglumat alyp bolýar.
Ulgamyň aýratynlygy — köp basgançakly sargytlary kabul edip bilmegi. Mysal üçin, ilki bilen ugradylan ugur boýunça birnäçe kilometriň içinde arzan restoran barmy diýip sorap, soň «Bolýar, şol ýere gidýärin» diýip görkezme bermek mümkin. Şeýle hem ugruň soňky nokadynyň töweregindäki kafeleri gözlemek hem-de menýudaky iň meşhur tagamy anyklamak ýaly mümkinçilikler bar.
Gemini doly assistent režiminde işleýändigi üçin, ulanyjy beýleki goşundylary we giňeltmeleri hem dolandyrýar. Mysal üçin, soňky gelen e-poçta hatlaryny gysgaça jemlemegi ýa-da Spotify-da aýdym açmagy haýyş edip bolýar.


25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

25.06.2026 10:21
4.5k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....