Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanda «Älem.AI» emeli aň merkezine baryp gördi

  • 25.11.2025 18:46
  • 13k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystana amala aşyrýan döwlet saparyny 25-nji noýabrda günüň ikinji ýarymynda «Älem.AI» halkara emeli aň merkezine baryp görmek bilen jemledi diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Döwlet Baştutany dostlukly ýurduň resmi wekilleri bilen bilelikde merkeziň alyp barýan işi hem-de aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdy.
Astanada geçirilen «EKSPO ― 2017» halkara ýöriteleşdirilen sergisiniň infrastrukturasynyň binýadynda şu ýylyň oktýabrynda açylan «Älem.AI» merkezi emeli aň ulgamynda ylmy açyşlar, startaplar we halkara hyzmatdaşlyk üçin esasy meýdançany döretmek maksady bilen işe girizildi. Onuň baş wezipesi Gazagystanyň emeli aň boýunça çözgütleriniň eksportyny giňeltmekden, ýurtda tehnologik hem-de ykdysady ösüşi hil taýdan täze derejä çykarmakdan ybaratdyr.
«Nur-Älem» diýlip atlandyrylýan, togalak şekilli binanyň 8 gatynyň hersinde sergileri, emeli aň boýunça umumy sapaklary, talyplardyr mekdep okuwçylaryna programmirleme, 3D dizaýn we emeli aň tehnologiýalary barada okuwlary geçmek üçin auditoriýalar ýerleşýär. Şeýle-de bu ýerde emeli aň kinoteatry hem-de muzeýi hereket edýär.


düýn 19:38
2.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......