Pol Makkartni aýdym-sazda emeli aňyň ulanylmagyna garşylyk hökmünde sessiz trek ýazga geçirdi

  • 23.11.2025 01:01
  • 4.8k+

Öňki The Beatles toparynyň agzasy Pol Makkartni sözsüz we sazsyz, dowamlylygy 2 minut 45 sekunt bolan trek ýazga geçirdi (ýa-da döretdi). Şeýlelik bilen, sazanda ýewropaly kärdeşlerine goşulyp, aýdym-saz pudagynda emeli aňyň (EA) ulanylmagyna garşylyk bildirdi diýip, The Guardian ýazýar.

Düşündirişine görä, diňleýjiler ilki plýonkanyň 55 sekuntlyk şygyrdy sesini, soňra gapynyň kakylmasyny ýa-da otagdaky aýak seslerini ýatladýan 15 sekuntlyk sesleri, ondan soňra bolsa ahyrynda peselip ýitýän, ýene 80 sekuntlyk şygyrdy we hyşşyldy eşiderler.
Bu trek Is This What We Want? (“Şu biziň isleýänimiz?”) atly toparlaýyn «sessiz» alboma goşular. Albomyň sanly görnüşi 2025-nji ýylyň fewral aýynda çykaryldy we Makkartniniň bonus-trekli gramplastinkasy bolsa 2025-nji ýylyň noýabr aýynda çykmagy meýilleşdirilýär.
Gazetiň belleýşi ýaly, albomdaky ähli kompozisiýalar boş aýdym-saz studiýalarynda ýazga alnypdyr; olarda adaty aýdym-sazlaryň we sözleriň deregine, ýuwaş hyşşyldylar we tyrkyldylar eşidilýär. Oňa gatnaşyjylaryň arasynda Keýt Buş, The Clash, Pet Shop Boys, kinokompozitor Hans Simmer, Blur we Gorillaz toparlarynyň frontmeni Deýmon Albarn we beýleki meşhur ýerine ýetirijiler bar.

«Britaniýanyň hökümeti emeli aň kompaniýalarynyň bähbidi üçin aýdym-saz ogurlygyny kanunlaşdyrmaly däl» - diýlip, täze albomyň ýanyndaky bildirişde (ýa-da duýduryşda) aýdylýar.


25.06.2026 10:21
4.4k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

24.06.2026 09:29
4k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

18.06.2026 22:32
4.7k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....