Serdar Berdimuhamedow Gonkongda bolup geçen ýangyn zerarly Si Szinpine gynanç bildirdi

  • 28.11.2025 09:58
  • 16k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Gonkong ýörite dolandyryş sebitindäki ýaşaýyş toplumynda bolup geçen ýangynyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutany şu kynçylykly pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Ýangyn zerarly adam pidalarynyň sany 94-e ýetdi diýip, Sinhua agentligi ýangyn söndüriş gullugyna salgylanyp habar berýär.
Wang Fuk Court ýaşaýyş toplumynda bolup geçen ýangyn çarşenbe güni ýerli wagt bilen gündiz başlandy. Ol ýerde ýaşaýyş jaýlarynyň töwereklerinde ekilen bambuk tokaýlyklarynda ýangyn döredi. Alaw tiz wagtda ýaýrap, ýaşaýyş toplumyndaky sekiz jaýy hem ot aldy. Bu Gonkongyň taryhynda soňky 17 ýylda iň güýçli ýangyn boldy.


08.06.2026 17:39
1.8k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......