Hindi kinosynyň iň meşhur aktýorlarynyň biri Dharmendra aradan çykdy

  • 25.11.2025 12:46
  • 19k+

Mumbaýda 89 ýaşynda Bolliwud kinosynyň ýyldyzy Dharmendra (doly ady – Dharmendra Kewal Krişan Deol) aradan çykdy. Bu barada Variety neşiri habar berýär.

Dharmendra hindi kinosynyň iň esasy şahsyýetleriniň biridi. Ol ilkinji gezek ekranda 1960-njy ýylda peýda boldy we 60 ýyldan gowrak wagt bäri dowam eden karýerasynyň dowamynda 300 töweregi filme gatnaşdy. Ol türkmen tomaşaçylaryna, esasan, “Zita we Gita”, “Ar we kanun” (Месть и закон), “Üç muşketýor ýaly” (Как три мушкетёра), “Ali-Babanyň we kyrk talaňçynyň başdangeçirmeleri” (Приключения Али-Бабы и сорока разбойников) ýaly filmler bilen bellidir.
Dharmendra özüniň Vijayta Films prodýuserlik kompaniýasyny döretdi. 2012-nji ýylda aktýor Hindistanda üçünji iň ýokary raýat baýragy bolan “Padma Bhuşan” baýragyny aldy.
Variety birnäçe hepde öň aktýoryň dem alyş kynçylygy sebäpli Mumbaýdaky hassahana ýerleşdirilendigini, ýöne soň çykarylandygyny ýazýar. Aktýor öýünde, 90 ýaşynyň dolmagyna iki hepde galanda ýogaldy.
Aktýor bilen hoşlaşyk Mumbaýdaky Pawan Hans krematorisinde geçdi. Oňa aýaly Hema Malini, şeýle-de kino pudagynyň köp sanly işgärleri, şol sanda Şahrukh Khan, Salman Khan, Amitabh Baççan we režissýor Rajkumar Santoşi gatnaşdy.
Dharmendra 1935-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Penjab ştatynda sikhleriň maşgalasynda dünýä indi. 1954-nji ýylda 19 ýaşynda Prakaş Kaura öýlendi. Olaryň dört çagasy boldy, şol sanda aktýorlar Sanni we Bobbi Deol. Soňra Dharmendra yslam dinini kabul edip, 1980-nji ýylda köp filmlerde özi bilen bile oýnan aktrisa Hema Malina öýlendi. Olaryň iki gyzy, Eşa we Ahana Deol bar.
Dharmendra hindi filmleriniň “iň romantik we syrly gahrymany” hasaplanýardy. Onuň gitmegi bilen hindi kinosynda boşluk döredi diýip, ýerli KHBS ýazýar.
Dharmendranyň gatnaşmagynda soňky film 2025-nji ýylyň dekabrynda çykmaly. 


17.05.2026 23:10
11k+

Hindistan we Pakistan görlüp-eşidilmedik aşa yssy howa şertleri bilen ýüzbe-ýüz boldy

Pakistanda we Hindistanda howanyň temperaturasy +46°C-ä çenli ýetýän we uzak wagtlap dowam edýän aşa yssylyk hasaba alynýar diýip, Zakon.kz neşiri ýazýar....

15.05.2026 11:17
8.9k+

Ýaza ýaraşmajak ýagdaý: Hindistanyň Uttar-Pradeş ştatynda adatdan daşary güýçli harasat boldy

13-nji maýda agşamara Hindistanyň demirgazygyndaky Uttar-Pradeş ştatynda örän güýçli harasat turdy. Tebigy apatyň netijesinde azyndan 111 adam pida boldy we 72 adam dürli şikesleri aldy. Harasat güýçli ýagyş,......

15.12.2025 17:38
14k+

Hindistanda goýy tüsse sebäpli 100-den gowrak awiagatnaw ýatyryldy, ýene 300 sanysy gijikdirildi

Hindistanda daş-töweregiň görünmezligine getiren we ulag gatnawlaryna zyýan ýetiren goýy tüsse sebäpli 100-den gowrak awiagatnaw ýatyryldy, ýene 300-e golaýy bolsa gijikdirildi. Nýu-Delide we onuň golaýyndaky sebitlerde ýagdaý has kynlaşdy, bu ýerde goýy zäherli tüsse ulag gatnawyny bökdedi diýip, NDTV habar berýär...

07.08.2025 12:06
14k+

Hindistanyň demirgazygyndaky suw joşguny tutuş obany basdy

Hindistanyň demirgazyk bölegindäki güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna we sil akymlaryna getirdi. Uttarakhand ştatynda Dharali dag obasy bütinleý diýen ýaly weýran boldy. India Today-iň maglumatlaryna görä, azyndan dört adam heläk boldy, 50-den gowrak adam dereksiz ýitdi diýlip hasaplanýar...