Hindistanyň demirgazygyndaky suw joşguny tutuş obany basdy

  • 07.08.2025 12:06
  • 14k+

Hindistanyň demirgazyk bölegindäki güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna we sil akymlaryna getirdi. Uttarakhand ştatynda Dharali dag obasy bütinleý diýen ýaly weýran boldy. India Today-iň maglumatlaryna görä, azyndan dört adam heläk boldy, 50-den gowrak adam dereksiz ýitdi diýlip hasaplanýar.

Tebigy betbagtçylyk 5-nji awgustda suwuň Khir-Ganga derýasyna akýan ýerinde güýçli çabgadan soň bolup geçdi. Derýa kenardan çykdy we ýerli wagt bilen 13:45-de oba sil akymy geldi. Wideo ýazgylarynda batly suwuň öýleri we dükanlary ýumrup, öz yzyndan galyndy topbaklaryny galdyrýandygy görünýär.
Deslapky maglumatlara görä, 20 – 25 myhmanhana we myhman jaýlary ýykyldy. Harabalygyň aşagynda 12 adama çenli bolup biler. Halas ediş işleri dowam edýän ýagyşlar we zeper ýeten ýollar sebäpli kynlaşýar.
Güýçli ygallar Hindistanyň beýleki demirgazyk ştatlaryna-da täsir etdi. Käbir sebitlerde Gang derýasy kenardan çykyp, müňlerçe öýi suw basdy. Ýerli häkimiýetler ýaşaýjylary derýalara barmakdan saklanmaga we seresaplylygy berjaý etmäge çagyrýar. Meteorologlaryň çaklamasy boýunça, bu sebitde ýagyşlar 10-njy awgusta çenli dowam edip biler.


şu gün 07:41
5.7k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

şu gün 07:40
4.6k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

düýn 13:01
7.6k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

02.06.2026 20:28
7.8k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....