Arkadag şäherinde bilim alýanlar üçin birnäçe talyp haklary giriziler

  • 03.05.2026 14:32
  • 15k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna we bilim ojaklarynyň işine aýratyn üns berildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň bilim ojaklarynyň işini döwrebap guramak, şeýle-de bilim alýan ýaşlary höweslendirmek maksady bilen, birnäçe talyp haklaryny girizmek meselelerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmelidigini belledi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgeden ugur alyp, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça birnäçe degerli maslahatlaryny berdi.

Şeýle-de, iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi ýurtda giňden belleniljek şanly senelere — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe hem-de Türkmen halysynyň baýramyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Meýilleşdirilen baýramçylyk çäreleri halkyň bagtyýar durmuşyny, milli gymmatlyklara bolan sarpasyny we ýurduň ähli ugurlar boýunça gazanan ýokary ösüşlerini dabaralandyrmaga gönükdirilendir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri baýramçylyk dabaralarynyň guramaçylykly geçirilmelidigini we olara ilat köpçüliginiň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmelidigini nygtady.


25.05.2026 11:17
9.5k+

Türkmenistanda 110 müňe golaý uçurym üçin soňky jaň kakyldy

Türkmenistanda 2025/2026-njy okuw ýylynda 110 müňe golaý okuwçy orta mekdebi tamamlaýar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär....

23.05.2026 15:48
5.9k+

Iýun aýynda ýurdumyzda nähili medeni-dabaraly çäreler geçiriler

Şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri we Arkadag şäheriniň 3 ýyllyk baýramy mynasybetli giň gerimli dabaralar geçiriler....

23.05.2026 13:12
3.5k+

3-nji iýunda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçiriler

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanda bedenterbiýe-sport we giň gerimli sagdyn durmuş çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär....

03.05.2026 13:49
7k+

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda 4284 maşgala üçin ýaşaýyş jaýlary gurlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine saparynyň çäklerinde geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet......