3-nji iýunda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçiriler

  • 23.05.2026 13:12
  • 3.6k+

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanda bedenterbiýe-sport we giň gerimli sagdyn durmuş çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär.

Hususan-da, 3-nji iýunda paýtagtymyzda köpçülikleýin welosipedli ýöriş guralar. Şanly sene mynasybetli 30-njy maý — 3-nji iýun aralygynda ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde hem welosipedli ýörişler, sport ýaryşlary, ylmy-amaly maslahatlar hem-de wagyz-nesihat çäreleri guralar.

Bütindünýä welosiped güni halkara sport baýramy bolup, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmegi, welosipediň ekologik taýdan arassa we howpsuz, saglyk üçin peýdaly ulag serişdesidigine ünsi çekmegi maksat edinýär. Ol dünýäniň köp ýurtlarynda ilkinji gezek 2018-nji ýylyň 3-nji iýunynda bellenildi. Bu sene Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyryldy.


düýn 01:36
4.2k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
6.9k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.2k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 10:55
7k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....